24-nji aprelde Türkmenistanda immunizasiýa hepdeligi başlanýar

  • 23.04.2023 12:20
  • 45k+

2023-nji ýylyň 24 — 30-njy apreli aralygynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitiniň ýurtlarynda, şeýle-de Türkmenistanda immunizasiýa hepdeligi geçirilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

2005-nji ýyldan bäri her ýyl bellenilip gelinýän bu hepdelik adamlaryň saglygy we abadançylygy babatda öňüni alyş sanjymlarynyň ähmiýetini ilat arasynda wagyz-nesihat etmäge gönükdirilendir. Onuň maksady sanjym arkaly öňüni alşyň ähmiýeti barada ilatyň habarly bolmagyny gazanmakdan, immunizasiýa babatda sowatly hem-de ynamly garaýşy kemala getirmekden ybaratdyr.
Immunizasiýa hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän metbugat maslahatlarynyň, ugurdaş mazmunly «tegelek stol» söhbetdeşlikleriniň, teleradiogepleşikleriň dowamynda immun öňüni alşyň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Saglyk öýlerinde immunizasiýanyň möhümdigi barada ilaty habarly etmek boýunça maslahat beriş otaglary hem-de degişli telefon nokatlary işleýär.
Öňüni alyş sanjymlary ýokanç kesellerden goranmagyň iň zerur we howpsuz usullarynyň biridir. Keseliň öňüni alyş sanjymlarynyň milli maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda öňüni alyş sanjymlarynyň ýokary derejede alnyp barylmagynyň netijesinde ýokanç keseller bilen keselçilik has peseldi. Onuň guramaçylykly geçirilmegi hem-de arassaçylyk we epidemiýa garşy toplumlaýyn çäreleriň güýçlendirilmeginiň netijesinde, ýurdumyzyň çäklerinde poliomielit, gökbogma, täjihoraz, bürme, gyzamyk, gyzylja ýaly ýokanç keseller ýok edildi ýa-da seýrek ýagdaýlar görnüşinde bellige alynýar. 1997-nji ýyldan bäri ýurdumyzda ýiti ysmaz poliomielitiň bellige alynmaýandygyny, 2002-nji ýylda bolsa BSGG-niň Ýewropa sebiti tarapyndan Türkmenistana poliomielitden azat ýurt hökmünde şahadatnamanyň gowşurylandygyny belläp geçmek gerek.
Häzirki wagtda ýurdumyzda jemi 14 sany ýokanç kesele — wirusly gepatitiň B görnüşine, inçekesele, polimielite, difteriýa, gökbogma, bürmä, gyzamyga, hapgyrtma, gyzylja, Hib ýokanjyna, adamyň papilloma wirusynyň döredýän howply täze döremelerine, pnewmokokk, rotawirus ýokanjyna, wirusly gepatitiň A görnüşine garşy sanjymlar döwlet serişdeleriniň hasabyna mugt geçirilýär. Şeýle hem raýatlara, islegine görä, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde, bellenilen saglyk öýlerinde möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni alyş sanjymlary geçirilýär.


20.06.2026 12:08
7.1k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......