«Alagaraňkylyk» kitaplar toplumynyň esasynda serial surata düşüriler

  • 22.04.2023 22:50
  • 10k+

Lionsgate Television kompaniýasy Stefani Maýeriň “Alagaraňkylyk” atly romanlar toplumynyň esasynda serial taýýarlaýar. Bu barada Deadline neşiri habar berdi diýip, rbclife.ru belleýär.

Ygtybarly çeşmäniň maglumatlaryna görä, taslama heniz irki tapgyrda barýar. Şol bir wagtyň özünde “Alagaraňkylyk” kitaplar toplumynyň awtory, ýazyjy Stefani Maýeriň serialyň döredilmegine gatnaşjakdygy aýdylýar. Häzirlikçe serialyň režissýory-da, ssenariýaçysy-da, şeýle-de potensial distribýutory ýok.
Öň, Maýeriň kitaplary üstünlikli ekranlaşdyrylypdy: 2008-nji ýyldan 2012-nji ýyl aralygynda bäş sany doly metražly film çykaryldy, olaryň tutuş dünýä boýunça umumy girdeji ýygymy bolsa 3,4 mlrd dollardan geçdi.
Ähli bölümlerde baş keşpleri Kristen Stýuart we Robert Pattinson ýerine ýetirdi. Şeýle-de, franşiza Teýlor Lotner, Nikki Rid, Piter Façinelli, Maýkl Şin, Dakota Fanning we beýlekiler gatnaşdy.

şu gün 10:41
87

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
333

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
6.4k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
8.1k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......