Ärdogan Türkiýä Gara deňizden gaz üpjünçiligine badalga berdi

  • 22.04.2023 11:02
  • 16k+

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Gara deňiz ýataklaryndan tebigy gazy Türkiýäniň energetika ulgamyna iberip başlamak dabarasynda çykyş etdi. Bu barada Anadolu agentligi habar berýär.

“Biz bu taslamany rekord bolan 32 aýyň içinde amala aşyrdyk. Türkiýe şu gün energetika garaşsyzlygyna tarap uly ädim ätdi” – diýip, Ärdogan aýtdy.

Prezident Sakarýa ýatagyndan birinji tapgyrda günde 10, ikinji tapgyrda bolsa günde 40 mln kub metr gazyň çykaryljakdygyny habar berdi.

Ärdogan “Gara deňizden tebigy gazyň Türkiýäniň zerurlyklarynyň 30%-ini ödejekdigini” belledi. Döwlet baştutany ýylyň dowamynda öý hojalyklarynyň aşhana zerurlyklary we gyzgyn suw üçin tebigy gazyň mugt beriljekdigini hem aýtdy.

“Mundan başga-da, ähli öý hojalyklary bir aýlap ähli gaz töleglerinden boşadylýar” – diýip, Ärdogan belledi.


08.06.2026 19:01
4.3k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

14.01.2026 11:30
4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
11k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...