Dünýä döwletlerinde Oraza baýramynyň bellenilişi

  • 21.04.2023 17:36
  • 24k+

1444-nji hijri — 2023-nji milady ýylynyň Oraza aýy tamam boldy. Baýram aýynyň 1-i ähli musulman ülkelerinde Oraza baýramy ýa-da Agyzaçar baýramy hökmünde uludan bellenilýär. Ir säherde Baýram namazynyň okalmagy bilen birek-biregi gutlamaga başlanylýar. Süýji-kökeler, datly tagamlar paýlanylýar. Bu dünýä ýüzündäki ähli musulmanlar üçin esasy baýramlaryň biridir. Bu ýyl Oraza aýy 29 günden aýlanansoň, Baýram aýynyň 1-i 21-nji aprele, anna gününe gabat geldi. Anna gününiň özi hem Yslam dininde hepdäniň aýratyn toý-baýram güni hökmünde görülýändigi üçin iki baýramyň bir güne gabat gelmegini şowlulyga, gowulyga ýorýarlar. Yslam dinine uýýan ülkeleriň köpüsinde Baýram günleri dynç günleri diýlip yglan edilýär. Baýram günleriniň dowamlylygy her ýurda görä tapawut edip bilýändir.

Mysal üçin, Müsür Arap Respublikasynda 20-nji aprelde Gün batandan soň bellenilip başlanýan Baýram 25-nji aprelde hem dowam eder. Şeýlelik bilen müsürliler 6 gün baýram bellärler.
Saud Arabystany Patyşalygynda — 4 gün dowam eder;
Katar döwletinde 19-27-nji aprel aralygy baýram günleri diýlip yglan edildi. Metbugatda ýazylmagyna görä, işgärler 30-njy aprelde işe çykyp bilerler, çünki aprel aýynyň 28-29-njy günleri bu döwletde dynç günlerine gabat gelýär.
Birleşen Arap Emirliklerinde — 20-24-nji aprel aralygy;
Kuweýt döwletinde — 21-25-nji aprel aralygy;
Oman Soltanlygy, Ýemen, Iordaniýa, Yrak, Sudan — 21-24-nji aprel aralygy;
Marokko — 20-23-nji aprel aralygy;
Alžir — 21-22-nji aprel;
Liwiýa, Mawritaniýa, Komor adalary — 21-23-nji aprel aralygy;
Indoneziýa, Malaýziýa, Bangladeş, Pakistan, Eýran, Owganystan, Gana — 21-23-nji aprel günleri Baýram günleridir.

Agyzaçar baýramy biziň ýurdumyzda hem uly joşgun bilen bellenilip geçilýär. Baýram gijesinde hem-de Baýram namazy okalýança has köp dileg-doga etmek, şükür etmek, günälerimize toba etmek, Pygamber alaýhyssalama salawat okamak iň möhüm ybadatlaryň hatarynda görülýär. Mübärek Remezan aýynda tutan orazalaryňyz, berjaý eden tagat-ybadatlaryňyz, eden dileg-dogalaryňyz, paýlan sadaka-sahawatyňyz Hak dergähinde kabul bolsun! Ýeneki ýyllaryň Oraza aýy günlerine jan saglygynda ýetmek hemmämize miýesser etsin! Baýram gijesinde we säherinde etjek ybadatlaryňyz hem kabul bolsun! Yhlasyňyz ýerine düşsün, arzuwlaryňyz maksadyna gowuşsyn!

şu gün 10:41
87

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
292

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
6.4k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
8.1k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......