«Kiçijik şazada» eseriniň ilkinji neşirinden bäri 80 ýyl geçdi

  • 21.04.2023 10:32
  • 8.7k+

Şu aý ähli döwürleriň iň meşhur kitaplaryndan biri bolan  Antuan de Sent-Ekzýuperiniň «Kiçijik şazada» eseriniň neşir edilenine 80 ýyl dolýar.

Bu erteki-powest bütin dünýäde takmynan 140 million nusgada satyldy, birgiden filmleriň döremegine sebäp boldy, birnäçe ýüz dile terjime edildi we terjimeleriniň sany boýunça Injilden soň ikinji ýerde durýar. Eser fransuz dilinden türkmen diline hem terjime edildi we «Dünýä edebiýaty» žurnalynda çap edildi.
Bu eser ilkinji gezek 1943-nji ýylyň aprelinde ABŞ-da fransuz we iňlis dillerinde Reynal&Hitchcock neşirýaty tarapyndan neşir edildi. Fransiýada bolsa ýurt nemes goşunlaryndan azat edilenden soň çykdy. Eseriň awtory — professional uçarman, 1944-nji ýylyň 31-nji iýulynda harby tabşyrygy ýerine ýetirýän wagty aradan çykýar.
Sent-Ekzýuperiniň eserleri uruş ýyllary Wişiniň režimi tarapyndan gadagan edilipdi. "Kiçijik şazadanyň" 80 ýaşandygyna garamazdan, kitap entegem köp ýurtlarda halanyp okalýar. Onda Äleme syýahat edip, söýgi, ýalňyzlyk, dostluk we ýitgi temalaryndan söz açýan ýaş şazada hakda gürrüň berilýär.

şu gün 10:41
87

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
333

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
6.6k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
8.1k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......