Toyota Exxon bilen bilelikde ekologiýa taýdan arassa täze benziniň üstünde işleýär

  • 18.04.2023 10:13
  • 10k+

Toyota we Exxon täze, ekologiýa taýdan arassa ýangyjy synagdan geçirmek üçin birleşdiler. Automotive News-i habaryna görä, geljekde bu ýangyç zyýanly zyňyndylaryň derejesini 75% azaldar. Şol bir wagtyň özünde, ony ýapon awtoulag öndürijisiniň häzirki benzin hereketlendirijilerine guýup bolar.

Exxon-yň strategiýa we meýilnamalaşdyryş boýunça wise-prezidenti Endrýu Medden bu ýangyjyň Toyota awtoulaglary bilen laýyklygyny ilkinji synaglaryň  eýýäm subut edendigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu batareýaly awtoulaglara amatly alternatiwa boljak ählumumy çözgüt mümkinçiligini artdyrýar. Şol bir wagtyň özünde, taslamany täjirçilik taýdan ýola goýup başlamak üçin hökümet goldawy talap ediler.
Täze ýangyç täzelenip bilýän biomassanyň we etanyň garyndysy, şeýle hem çig mallary arassalamak üçin has ösen tehnologiýalardyr. Endrýu Meddeniň pikiriçe, bu - häzirki günde uglerod-bitarap ulaga geçmegiň iň arzan usuly.
Toyota we Exxon, elektrikli awtoulaglaryň meşhurlygynyň artýandygyna garamazdan, ýüzlerçe million içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulagynyň uzak wagtlap ulanyljakdygyny bellediler. Şoňa laýyklykda az uglerodly ýangyç parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmakda möhüm orun eýeläp biler.


21.06.2026 21:15
4.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....