Disney-iň Piter Pen hakyndaky täze filminde oýnaýan 15 ýaşly aktýor taryha girdi

  • 16.04.2023 12:59
  • 19k+

15 ýaşly aktýor Noa Metýuz Matofski Disney studiýasynyň filminde baş keşpleriň birini janlandyran Daun sindromly ilkinji aktýor hökmünde taryha girdi. Ol  dramaturg Jeýms Metýu Barriniň adybir erteki-powestiniň esasynda ekranlaşdyrylýan  "Piter Pen we Wendi" filminde ýetginjek Slaýtliniň keşbini janlandyrdy. Bu barada Daily Mail habar berýär.

Matofski taslamanyň döredilmegine gatnaşmagy onuň özi üçin “ajaýyp tejribe” bolandygyny boýun aldy.

“Meniň öz şahsy treýlerim boldy we köp dost tapyndym. Hemmämiz gylyçly söweşmegi öwrendik, bu meniň göwnüme ýarady. Şeýle hem gaty gysga wagtyň içinde köp tekst ýatlamaly boldum, ýöne bu gyzyklydy. Men muny juda haladym "- diýip, ýetginjek aktýor özünde galan täsirleri  paýlaşdy.

Noa filmiň düşürilişine hemmeleriň bolşy ýaly düşdi: inklýuziw Zebedee zehinler gullugynyň kömegi bilen Disney-iň kasting geçirýändigini bildi we oňa gatnaşmak kararyna geldi. Aktýor  materiallaryny diňleýişe iberdi, soň režissýor Dewid Louri bilen duşuşdy we onuň göwnünden turmagy başardy.
Matofski surata düşürmek tamamlanandan soň teatr kollejine okuwa girmegi meýilleşdirýändigini we "Daun sindromly beýleki artist bolmak isleýän adamlar üçin hem  görelde bolmak" isleýändigini aýtdy.

şu gün 10:41
87

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
365

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
6.6k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
8.1k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......