Disney “Piter Pen we Wendi” filminiň resmi treýlerini çykardy

  • 12.04.2023 15:14
  • 8k+

Disney studiýasy “Piter Pen we Wendi” filminiň treýlerini çykardy. Bu film dramaturg Jeýms Metýu Barriniň adybir powestiniň ekranlaşdyrylmasy bolar. Filmiň premýerasy 28-nji aprelde Disney+ akym hyzmatynda görkeziler. Bu barada rbclife.ru habar berýär.

Lenta Disney-iň 1953-nji ýyldaky “Piter Pen” multfilminiň remeýkine öwrüler. Filmiň režissýory bolup Dewid Louri çykyş etdi. Ol Tobi Halbruks bilen bilelikde lentanyň ssenariýasyny-da ýazdy.

“Wendi Darling ulalmakdan ýüz öwren oglanjyk Piter Pene duşan kiçijik gyzjagaz. Ol özüniň doganlary we kiçijik peri Din-Din bilen bilelikde Piter bilen jadyly Newerlend dünýäsine gidýär. Ol ýerde gazaply garakçy Kapitan Gaňyrçak bilen duşuşýar we durmuşyny hemişelik üýtgetjek gyzykly hem-de howply başdan geçirmä başlaýar” – diýlip, taslamanyň beýanynda aýdylýar.

Garakçy Kapitan Gaňyrçagyň keşbini Jud Lou ýerine ýetirdi. Milla Ýowowiçiň we režissýor Pol U.S.Andersonyň 15 ýaşly gyzy Ewer Anderson Wendi Darling boldy, Piteriň keşbini bolsa Aleksandr Moloni oýnady.

şu gün 10:41
87

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
333

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
6.6k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
8.1k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......