Dünýädäki iň kuwwatly smartfonlaryň sanawy düzüldi

  • 12.04.2023 15:12
  • 28k+

AnTuTu bençmarkyny işläp düzüjiler mart aýy üçin global bazardaky flagman Android smartfonlarynyň öndürijilik reýtingini düzdüler. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

Şeýlelikde, flagman smartfonlar kategoriýasynyň üçlüginden Red Magic 8 Pro+, Vivo X90 Pro+ we Xiaomi 13 Pro ýer aldy. Esasy Xiaomi 13 dördünji orny eýeledi. Onuň yzyndan Samsung Galaxy S23 Ultra, S23+ we S23 gelýär, olar degişlilikde 5, 6 we 7-nji orunlarda ýerleşdiler. Bu gurluşlaryň ählisi we sekizinji orny eýelän OnePlus 11 Snapdragon 8 Gen 2 çibiniň esasynda işleýär.
Sanawda dokuzynjy orny Xiaomi 12T Pro we onunjy orny Xiaomi 12 Pro eýeledi. Olar öňki nesil çibi – Snapdragon 8+ Gen 1 we 8 Gen 1 bilen işleýär.
Subflagman smartfonlaryň arasynda üçlügi iQOO Neo7, Vivo V27 Pro we Xiaomi 12T düzdi. Dördünji we bäşinji orunlary Realme GT Neo3 bilen Poco X4 GT paýlaşdy. Olaryň yzyndan Redmi K50i, Redmi Note 11T Pro, Realme GT Neo2, iQOO Neo6 we Realme GT Neo3T gelýär.

şu gün 10:41
87

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
333

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
6.4k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
8.1k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......