Gurban Berdiýew “Soçiniň” baş tälimçisi wezipesinden gitdi

  • 10.04.2023 17:05
  • 25k+

“Soçi” futbol kluby özüniň resmi Telegram kanalynda Gurban Berdiýewiň klubuň baş tälimçisi wezipesinden gidendigini habar berdi. Muny championat.com ýetirýär.

Klubuň baş tälimçisiniň wezipe borçlaryny ýerine ýetiriji hökmünde bolsa Dmitriý Hohlow bellendi.

“Soçi” futbol kluby Gurban Bekiýewiçe mundan beýläkki karýerasynda we durmuş ýolunda üstünlik arzuw edýär. Hünärmene bilelikdäki işleri üçin minnetdarlyk bildirýäris” – diýlip, klubuň beýanynda aýdylýar.

70 ýaşly Berdiýewiň “Soçiniň” baş tälimçisi wezipesine bellenendigi barada geçen ýylyň noýabrynda mälim edildi. Hünärmeniň ýolbaşçylygynda soçililer bäş oýun geçirip, iki ýeňiş gazandylar we üç ýeňlişe sezewar boldular. Häzir “Soçi” Russiýanyň çempionatynyň ýaryş jedwelinde 22 oýunda 31 utuk gazanyp, dokuzynjy orny eýeleýär.


düýn 21:54
2.7k+

UEFA Ýewropa çempionatlarynyň saýlama tapgyrynyň tertibini üýtgetdi

UEFA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti Stambulda geçiren mejlisinde erkekleriň milli ýygyndylary üçin saýlama ýaryşlarynyň täze tertibini tassyklady. Üýtgetmeler 2028-nji ýyldaky Ýewropa çempionatyndan soň güýje......

düýn 20:21
5.1k+

«Gitmegimiň sebäbini soramaň»: Gwardiola uly abraý bilen «ManSitini» terk edýär

«Mançester Siti» kluby baş tälimçi Hosep Gwardiolanyň şu tomusda topardan gitjekdigini resmi taýdan yglan etdi. Ispaniýaly hünärmen 2016-njy ýylyň iýul aýyndan bäri kluba ýolbaşçylyk edip, baş tälimçi......

düýn 11:36
4.5k+

«Býörnli» APL-dan aşaky liga düşse-de, çempion bolan «Barselonadan» köp gazanar

Angliýanyň Premýer-ligasynda 19-njy orny eýelän «Býörnli» kluby Çempionşipe düşer we möwsümiň netijeleri boýunça töleg hökmünde takmynan 50 million funt sterling (57,5 million ýewro) alar....

21.05.2026 09:55
4.4k+

«Aston Willa» Unai Emeri bilen ilkinji gezek Ýewropa ligasynyň ýeňijisi boldy

21-nji maýa geçilen gije Ýewropa ligasynyň final duşuşygy boldy we «Aston Willa» topary «Fraýburgy» utmagy başardy. Oýun Türkiýäniň Stambul şäherindäki «Tüpraş» stadionynda geçirildi....