AÖB: 2023-nji ýylda ​Türkmenistan ykdysady ösüş boýunça Merkezi Aziýada öňdebaryjy bolar

  • 09.04.2023 22:11
  • 14k+

2023-nji ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi, 2022-nji ýyldaky 6.2%, 2021-nji ýyldaky 5.0% bilen deňeşdirilende, 6,5% bolup biler. Şeýle çaklama Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) hasabatynda berilýär.

Aziýa ösüş bankynyň 2023-nji ýyl üçin​ hasabatynda: "Türkmenistanyň uglewodorod eksportyndan alýan girdejileriniň çak edilýän ösüşi şu we geljek ýyl döwlet býujetiniň balansyny saklamaga kömek eder" diýilýär.

Şeýlelikde, Türkmenistan 2023-nji ýylda Merkezi Aziýa sebitinde ykdysady ösüşiň iň ýokary görkezijisine ýetip biler. Çaklamalara görä, Gazagystanda jemi içerki önümiň ösüşi 3,2%, Gyrgyzystanda - 4,5%, Täjigistanda - 5,5% we Özbegistanda - 5% derejesinde bolar.

AÖB hasabatynda uglewodorod önümçiliginiň we eksportyň ösüşiniň 2022-nji ýylda ykdysadyýetiň dikelmegine goşant goşandygy aýdylýar.

Resminamada: "Serhetleriň açylmagy, halkara uçuşlaryň ýuwaş-ýuwaşdan täzeden açylmagy, ýurduň içindäki hereketiň artmagy, söwdanyň ösmegi we hyzmat pudagynyň ýaňadan dikeldilmegi ykdysadyýetiň ösmegine goşant goşdy" diýilýär.
Türkmenistan gazyny Hytaýa, Russiýa, Azerbaýjana (Eýranyň üsti bilen) we Özbegistana, Owganystana, Eýrana, Gyrgyzystana we Özbegistana iberýär. Şeýle hem ýurt nebit önümlerini, dokma önümlerini, mineral dökünleri we azyk önümlerini eksport edýär.


şu gün 11:05
1.6k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

düýn 08:04
6.5k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......