Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi

  • 07.04.2023 15:59
  • 27k+

Şu gün, 7-nji aprelde Aşgabatda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi.

Ýöriş Çandybil şaýolunyň hem-de Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşen “Welosiped” binasynyň ýanyndan badalga aldy. Ýöriş ugry Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry boýunça geçdi. 
Şu ýylky welosipedli ýörişe Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebiň hem-de Döwletliler köşgüniň çagalary, mekdep okuwçylary we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary — jemi bir ýarym müňe golaý adam gatnaşdy.

Aşgabadyň merkezinde, Ruhyýet köşgüniň öňündäki meýdançada Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylar pellehana geldiler. Jemi geçilen aralyk 11 müň 200 metr boldy.
Şu gün Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welosipedli ýörişler, dürli bedenterbiýe-sagaldyş we sport çäreleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda-da guraldy.


14.05.2026 15:38
2.3k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.8k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....