Gazagystanyň Parlamenti türkmen-gazak döwlet serhediniň iş düzgüni hakynda ylalaşygy tassyklady

  • 07.04.2023 15:32
  • 14k+

Gazagystanyň Parlamenti Türkmenistan bilen türkmen-gazak döwlet serhediniň iş düzgüni hakynda ylalaşygy tassyklady. Bu barada gazak Parlamentiniň resmi saýty habar berýär.

Gazagystan Respublikasynyň Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygynyň orunbasary Ýerlan Aldažumanow parlamentarilere degişli kanunçylyk taslamasyny teklip edip, ylalaşygyň kanunçylyk esasyny ikitaraplaýyn kesgitlemäge we döwlet araçäginde Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmaga gönükdirilendigini belledi.
Düzgün döwlet serhedinden fiziki şahslaryň, ulag serişdeleriniň geçiş tertibini we geçirmesini, onuň üstünden ýükleriň we beýleki emlägiň geçirilmegini öz içine alýar. Ol şeýle hem araçäkde hojalyk, balykçylyk, ylmy-barlag, gözleg ýa-da beýleki işleri alyp barmagy, şeýle hem dürli çäreleriň gurnalmagyny öz içine alýar.


11.05.2026 22:55
915

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

06.05.2026 09:48
5.3k+

Gazagystanda daşary ýurtly hünärmenler we maýadarlar üçin «Altyn wiza» giriziler

Gazagystanda daşary ýurtly ökde hünärmenler üçin ýurtda işlemegi we ýaşamagy aňsatlaşdyrjak ýörite «Altyn wiza» ulgamy dörediler. Bu barada ýurduň medeniýet we habar beriş ministri Aida Balaýewa mälim etdi....

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......