ABŞ-nyň kazyýeti Bolduiniň düşen filminiň operatorynyň ölüminden soň ilkinji hökümi çykardy

  • 03.04.2023 13:57
  • 36k+

Nýu-Meksiko ştatynyň kazyýeti “Rust” filminiň surata düşürilişinde operator Galina Hatçins ölenden soň, režissýoryň kömekçisi Dewid Hollsy alty aý şertli tussaglyga höküm etdi. Bu barada CBS teleýaýlymy habar berýär diýip, rbclife.ru belleýär.

Alty aýlyk şertli möhletden başga-da, Holls 500 dollar möçberinde jerime tölemeli, ýarag bilen işleşilende howpsuzlygy berjaý etmek boýunça okuwy geçmeli we 24 sagat jemgyýetçilik işlerini ýerine ýetirmeli bolar.
Hollsyň özi kazyýet diňlenişigine onlaýn gatnaşdy we sowuk-salalykda günäkärlenmesine garşy çykmak hukugyndan ýüz öwürdi.
Holls 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda “Rust” filminiň surata düşürilişinde howpsuzlyk koordinatory boldy. Bu filmde baş keşbi aktýor Alek Bolduin ýerine ýetirdi. Surata düşüriliş ABŞ-nyň Nýu-Meksiko ştatynda geçirildi. 22-nji oktýabrda surata düşüriliş wagtynda Bolduin sapançadan 42 ýaşly operator Galina Hatçinse tarap atdy, netijede aýal ýogaldy, 48 ýaşly režissýor Joel Sous bolsa ýaralandy.
Haçan-da sapança surata düşürilýän meýdança getirilende Holls ony Bolduine bermezden ozal ondaky oklaryň hakyky däldigini barlady diýip, kazyýetde günäkärlenýäniň aklawçysy Liza Torrako aýdýar. Şeýle-de bolsa, prokuror Keri Morrissi Hollsyň “ýaragdaky oklaryň ählisini barlamandygyny” belledi. Holls ähli oklary barlamalydygyny, ýöne muny etmändigini boýun aldy.


19.06.2026 19:53
2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.2k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......