Disney Marvel Entertainment-iň ýolbaşçysyny işden çykardy

  • 31.03.2023 11:43
  • 9.3k+

The Walt Disney kompaniýasy Marvel Entertainment-iň ýolbaşçysy Aýzek Perlmutteri işinden aýyrdy. Bu barada çarşenbe güni The New York Times gazeti  habar berdi diýip, TASS ýazýar.

Onuň sözlerine görä, 80 ýaşly Perlmutter kompaniýanyň 7000 işgärini azaltmak boýunça alnyp barylýan işleriň bir bölegi hökmünde işinden gitdi. Soňky ýyllarda Perlmutter kompaniýa ýylda 40 million dollardan 60 million dollara çenli girdeji getirýän komiksleri neşir etmek bilen hem meşgullandy.
Ondan öň, The Walt Disneý Company kompaniýasynyň baş direktory Bob Aýger 2023-nji ýylyň tomsunda tamamlanjak kompaniýanyň işgärlerini azaltmak prosesiniň başlandygyny mälim edipdi. Işçileri köpçülikleýin işden aýyrmaklyk çykdajylary 5,5 milliard dollar azaltmak boýunça geçirilýän çäreleriň çäginde amala aşyrylýar.

şu gün 10:41
87

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
292

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
6.4k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
8.1k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......