Disney 7 müň işgäri işden çykarma prosesine başlady

  • 29.03.2023 11:18
  • 7.7k+

The Walt Disney Company kompaniýasynyň baş müdiri Bob Aýger kompaniýanyň 7 müň işgärini işden çykarmak prosesiniň başlandygyny habar berdi. Bu barada Aýgeriň Reuters agentligine gelip gowşan hatynda aýdylýar.

Kompaniýanyň baş müdiri Disney-iň geljek dört günüň dowamynda işgärleriň birinji toparyna işden çykarmak barada habar berip başlajakdygyny belledi. “Birnäçe müň işgäri” işden çykarmagyň ikinji, has uly tapgyrynyň aprel aýynda bolmagyna garaşylýar. Hatda bellenilişi ýaly, kompaniýanyň işgärlerini azaltmak prosesi 2023-nji ýylyň tomsuna çenli tamamlanar.
Kompaniýanyň işgärlerini köpçülikleýin işden çykarma prosesi çykdajylary 5,5 mlrd dollar azaltmak boýunça çäreleriň bir bölegidir.
Agentligiň çeşmeleriniň habar bermegine görä, işden çykarma kompaniýanyň Disney Entertainment we Disney Parks, Experiences and Products ýaly birnäçe uly bölümçelerine täsir eder.

şu gün 10:41
87

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
292

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
6.4k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
8.1k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......