Britaniýada «Garri Potterden» Hogwarts galasynyň şekili bilen teňňe çykaryldy

  • 29.03.2023 11:21
  • 6.7k+

Beýik Britaniýanyň Patyşalyk zikgehanasy “Garri Potter we jadygöýüň daşy” atly ilkinji kitabyň çykmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Hogwarts galasynyň şekili bilen dördünji teňňäni çykardy. Bu barada edara öz saýtynda habar berdi diýip, rbc.ru belleýär. Teňňeleriň satuwy eýýäm başlandy.

“Biziň Garri Potter bilen bagly teňňeler ýygyndymyzy jadygöýleriň dünýäsinde iň gowy jadyly edaralaryň biri hasaplanýan, 1000 ýyllyk galanyň, jadygöýlügiň mekdebi bolan Hogwartsyň şekilini saklaýan teňňe jemleýär” – diýlip, habarda aýdylýar.

“Garri Pottere” bagyşlanan ýygyndy dört teňňeden ybarat. Ol 2022-nji ýylda döredildi. Mundan öň satuwa Garri Potteriň, mekdebiň müdiri professor Dambldoryň we “Kings-Kross” otlusynyň şekili bolan teňňeler satuwa çykaryldy. Teňňeleriň arka tarapynda bolsa Ýelizaweta II-niň we patyşa Karl III-iň keşbi şekillendirilýär.


14.03.2026 15:33
2.8k+

Beýik Britaniýa asylzadalaryň parlamentde miras boýunça orun almak düzgünini ýatyrdy

Beýik Britaniýanyň parlamenti mirasdar perleriň (asylzadalaryň) Lordlar palatasynda oturmak hukugyny ýatyrýan kanun taslamasyny tassyklady. Bu karar mundan 25 ýyl ozal başlanan parlament reformasyny doly tamamlaýar...

27.02.2026 18:42
5k+

Raşid Meredow «Türkmenistan – Birleşen Patyşalyk Medeni Dialogy» atly täze görnüşi döretmegi teklip etdi

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Londonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri Iwett Kuper bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi...

27.02.2026 18:19
4.4k+

Türkmenistan Londonda Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa görnüşinde geçirilen ministrler duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster-haus binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň syýasy dialogy çuňlaşdyrmaga hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge bagyşlanan mejlisi geçirildi...

26.02.2026 18:11
2.8k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ÝTÖB-iň prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

25-nji fewralda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) prezidenti Odil Reno-Basso bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi...