HBS: Mançesterli mekdep okuwçysy akyl taýdan Eýnşteýnden we Hokingden öňe geçdi

  • 27.03.2023 15:48
  • 26k+

Mançesterli mekdep okuwçysy Anwita Patil Mens-iň IQ synagynda 162 bal toplap, IQ derejesi 160 bolan Albert Eýnşteýn (1879-1955) we Stiwen Hoking (1942-2018) ýaly dünýä belli alymlardan öňe geçdi. Bu barada Mançester Evening News habar berdi.

Ýanwar aýynda synagdan geçen mahaly Mançesteriň günortasyndaky gyzlar üçin hususy mekdebiň ýedinji synpynda okaýan Patiliň 11 ýaşyndadygy bellendi. Neşiriň habaryna görä, ol akademiki maşgalada önüp-ösüpdir: kakasy Milli saglyk gullugynda geňeşçi, ejesi matematika ylymlarynyň doktory.
Bütin dünýäde ortaça IQ-nyň bahasy 100 bal töweregi hasaplanýar. Zehinli adamlar üçin iň uly gurama bolan Mensa jemgyýeti synagyň netijelerini okandan soň Patili öz hataryna goşulmaga çagyrdy. Umuman alanyňda, bu jemgyýet takmynan 120 müň adamdan ybarat bolup, wagtal-wagtal bilelikdäki ýygnaklary we onlaýn çäreleri geçirip durýar. 
2021-nji ýylda Bristol Post iňlis gazeti  ýerli 12 ýaşly mekdep okuwçysy Barnabi Suinberniň IQ synagynda 162 bal alandygyny habar berdi. Synaglaryň netijesinde ýetginjek Mensa jemgyýetine çagyryldy.

düýn 16:56
962

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

düýn 12:41
1.1k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

düýn 11:09
1.3k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
5.5k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....