Medwedew 2023-nji ýylda 25 ýeňiş gazanan ilkinji tennisçi boldy

  • 27.03.2023 15:34
  • 3.3k+

Russiýaly Daniil Medwedew 2023-nji ýylda Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) ýaryşlarynda 25 ýeňiş belligine ýeten ilkinji tennisçi boldy. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

Maýamide geçirilen “Masters” ýaryşynyň ikinji tapgyrynda Medwedew Ispaniýanyň wekili Roberto Karbales-Baena bilen duşuşdy. 1 sagat 3 minut dowam eden duşuşyk 6:1, 6:2 hasap bilen iki setde tamamlandy. Bu ýeňiş 25-nji ýeňiş boldy.
Belläp geçsek, möwsümiň dowamynda russiýaly türgen Indian-Uelsde geçirilen “Masters” ýaryşynyň finalynda 3:6, 2:6 hasabynda ispaniýaly tennisçi Karlos Alkarasdan utulmazdan ozal, yzygider 19 oýunda we üç ATP ýaryşynda ýeňiş gazandy. Şol ýaryşdan soň Medwedew ATP reýtinginde bäşinji orna geçdi.


08.06.2026 12:41
1.9k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.5k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....