Beýonse bilen Adidas hyzmatdaşlygy bes etmek barada ylalaşdy

  • 27.03.2023 10:58
  • 10k+

Aýdymçy Beýonse bilen Adidas kompaniýasy hyzmatdaşlygyny bes edýär. “The Hollywood Reporter” neşiri “Gremmi” baýragynyň eýesi bilen nemes durmuş stili brendiniň aýrylyşmak barada ylalaşandyklaryny habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär.

2018-nji ýylda Beýonse Adidas bilen döredijilik hyzmatdaşlygyna başlap, özüniň Ivy Park atly sport egin-eşikleri hataryny işe goýberdi, şeýle-de brend üçin täze aýakgap we egin-eşik işledi.
Ýöne, görnüşi ýaly, Ivy Park bilen Adidas-yň arasynda düýpli döredijilik näsazlyklary ýüze çykypdyr we indi Beýonse öz brendini gaýtadan dikeltmäge, hususy ýoluny kesgitlemäge we döredijilik erkinligini saklamaga çalyşýar diýip, neşir habar berýär.


09.05.2026 13:54
5k+

adidas Timoti Şalame, Ýamal, Bellingem we Messi bilen gysga metražly film çykardy

adidas kompaniýasy ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna bagyşlanan «Backyard Legends» atly gysga metražly filmini hödürledi....

13.10.2025 09:12
4.3k+

Adidas agyr iş bilen meşgullanýan işçiler üçin ýokary goragly aýakgaplary taýýarlaýar

Adidas brendi fiziki taýdan agyr işlerde zähmet çekýän adamlar üçin niýetlenen ýokary derejede goragly aýakgaplaryň täze hataryny satuwa çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada WWD neşiri habar berýär. Täze aýakgaplary işläp taýýarlamak üçin kompaniýa GLO Brands B...

23.07.2024 16:14
6.1k+

adidas we Marvel “Dedpul 3” mynasybetli krossowka kolleksiýasyny çykarar

adidas we Marvel Studios “Dedpul we Rosomaha” filmine bagyşlanan täze hyzmatdaşlygy yglan etdiler. Onuň çäklerinde bu filmden ruhlanan krossowkalar, köýnekçeler we beýleki eşik predmetleri çykarylar. Kolleksiýa...

02.04.2024 14:38
13k+

Adidas Germaniýanyň milli ýygyndysynyň köýnekçelerinde 44-lük belgini gadagan edýär

Adidas kompaniýasy Germaniýanyň milli ýygyndysynyň köýnekçeleri sargyt edilende janköýerlere 44-lük oýun belgisini saýlamagy gadagan etmek kararyna geldi. Bu barada Sport Bild habar berýär. Bu milli ýygyndynyň...