Hyundai we Kia kemçilik zerarly ABŞ-da satylan 570 müň ulagyny yzyna çagyrdy

  • 26.03.2023 11:15
  • 22k+

Günorta Koreýanyň Hyundai kompaniýasy we onuň golçur şahamçasy bolan Kia gysga utgaşma howpy sebäpli ABŞ-da satylan 570 müňden gowrak ulagyny yzyna çagyrdy. Bu barada anna güni "Yonhap" gullugy tarapyndan habar berildi diýip, TASS ýazýar.

ABŞ-nyň Ýol howpsuzlygy milli müdirligine (NHTSA) berlen arza görä, kemçilikli çekiji-tirkege tozan ýa-da suw girmegi gysga utgaşmanyň we ýangynyň döremegine sebäp bolup biler. Bu kemçilik 2022-nji we 2023-nji ýyllarda goýberilen Hyundai Santa Cruz-da, Hyundai Santa Fe-de (2019-2023), Hyundai Santa Fe Gibrid-de (2021-2023), Hyundai Santa Fe Plug-in Hybrid-de (2022-2023) we Kia Carnival-da (2022-2023) tapyldy.
Günorta koreýaly kompaniýalar bu modelleriň eýelerine ulaglaryny ýapyk binalarda goýmazlygy maslahat berdiler.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

12.06.2026 08:19
2.5k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....