Valve kompaniýasy resmi taýdan Counter-Strike 2 oýnuny hödürledi

  • 23.03.2023 14:06
  • 18k+

Kompýuter oýunlaryny dörediji Valve Corporation kompaniýasy resmi taýdan Counter-Strike 2 oýnuny hödürledi. Bu barada çarşenbe güni kompaniýa özüniň Twitter sahypasynda habar berdi.

«Counter-Strike 2» täze mümkinçilikler bilen üpjün etjek uly tehniki böküşdir. Oýnuň täze aýratynlyklary şu ýyl tomusda resmi taýdan çykarylanda görkeziler. Ýöne Counter-Strike 2-ä barýan ýol eýýäm şu günki synag oýnundan başlanýar. Synag oýunlary diňe aýratyn oýunçylar üçin elýeterli edildi. Saýtda bellenilişine görä, munuň özi oýnuň mümkinçiliklerine baha bermäge we kemçiliklerini düzetmäge ýardam eder.
Ilkinji Counter-Strike 2000-nji ýylda döredildi. Ol örän tiz wagtda bütin dünýäde ykrar edilip, kibersportda iň bir meşhur oýunlaryň biri boldy.

şu gün 10:41
845

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
2.4k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
8.3k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
10k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......