Aktýor Adam Sendler «jemgyýete täsiri» üçin Mark Twen adyndaky baýraga mynasyp boldy

  • 22.03.2023 16:07
  • 5k+

Amerikaly aktýor Adam Sendler ýumora goşan goşandy üçin Mark Twen adyndaky baýragy aldy. Bu barada baýragyň guramaçysy bolan Jon Kennedi adyndaky ýerine ýetiriş sungaty merkeziniň wekilleri habar berdi diýip, forbes.kz belleýär. Bu baýrak her ýyl “Mark Twen ýaly amerikan jemgyýetine ýetirýän täsiri” üçin komiklere berilýär.

“Adam Sendler otuz ýylyň dowamynda öz filmleri, aýdym-sazlary we Saturday Night Live şüweleňindäki çykyşlary bilen jemgyýetiň göwnüni açdy. Adam bizi gülmäge, aglamaga we gülküden aglamaga mejbur eden gahrymanlary döretdi” – diýip, Jon Kennedi merkeziniň müdiri Debora F.Ratter teswir berýär.

Baýragyň wekilleriniň habarynda Adam Sendleriň soňky 30 ýylyň dowamynda komik, aktýor, ýazyjy, prodýuser we sazanda hökmünde ajaýyp üstünlik gazanandygy bellenilýär. Onuň gatnaşmagynda surata düşürilen “Synpdaşlar”, “Uly kaka”, “Hemme zat ýa-da hiç zat”, “Ejesiniň ogly” ýaly we başga-da birnäçe filmler dünýä prokatynda 3 mlrd dollardan gowrak girdeji gazandy.
Ilkinji gezek Mark Twen adyndaky baýrak 1998-nji ýylda komik Riçard Praýora berildi. Baýragyň laureatlarynyň arasynda Eddi Mýorfi, Stiw Martin, Jorj Karlin, Wupi Goldberg, Bill Mýurreý, Tina Feý, Uill Ferrell, Ellen DeJeneres we başgalar bar.

şu gün 10:41
908

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
2.5k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
8.3k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
10k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......