«Dünýädäki ilkinji smartfon» barada BlackBerry filminiň treýleri çykdy

  • 21.03.2023 15:11
  • 14k+

IFC Films kinokompaniýasy BlackBerry filminiň ilkinji treýlerini çykardy, bu film kanadaly öndüriji tarapyndan işewürler üçin adybir smartfonlaryň dörediliş taryhyny gürrüň berer. Onuň ssenariýasy ýazyjy we “The Wall Street Journal-yň” žurnalisti Jeki Maknişiň “Signalyň ýitmegi: BlackBerry-nyň täsin ýokary galyşy we pese gaçyşy barada aýdylmadyk gürrüň” kitabyna esaslanýar. Filmiň premýerasy Berlin kinofestiwalynda boldy, global relizi 2023-nji ýylyň 21-nji maýynda kinoteatrlarda meýilleşdirilýär diýip, incrussia.ru habar berýär.

Kartinanyň sýužeti Research In Motion kompaniýasynyň (2013-nji ýyla çenli BlackBerry şeýle atlandyrylypdy) iPhone-yň smartfon bazaryna ýetirýän täsirine kembaha garap, Apple bilen söweşde nähili ýeňlendigi barada gürrüň berer.
Film “dünýädäki ilkinji smartfon BlackBerry-nyň okgunly ýokary galyşy we heläkçilikli pese gaçyşy barada dogruçyl gürrüň” hökmünde häsiýetlendirilýär, ýöne bu jedelli tassyklama. Köpler Nokia 7650-ni ilkinji smartfon hasaplaýar.
BlackBerry filminiň režissýory Mett Jonson boldy. Baş keşpleri Jeý Baruşel we Glenn Houerton aldy.

şu gün 10:41
593

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
1.6k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
7.6k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
9.3k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......