TikTok-yň ýolbaşçylygy sosial ulgamyň satuwy barada gepleşiklere başlady

  • 19.03.2023 11:54
  • 11k+

TikTok sosial ulgamy amerikan häkimiýetleriniň programmany ABŞ-da gadagan etmek baradaky bildirişleriniň esasynda potensial alyjylar bilen satuw barada gepleşikleri geçirýär. Bu barada çeşmelere salgylanyp, New York Post habar berýär diýip, interfax.ru belleýär.

“TikTok bilen potensial alyjylaryň arasynda gepleşikler işjeňleşýär. TikTok öz mümkinçiliklerine seredýär we 2020-nji ýylda Donald Trampyň prezident hökmünde programmany gadagan etjekdigini aýdan wagty göz öňünde tutulan ähtimal ylalaşyklary öwrenýär” – diýip, neşiriň çeşmeleri habar berdi.

Olar sosial ulgamyň kim bilen gepleşikleri geçirýändigini aýtmadylar, ýöne 2020-nji ýylda mümkin bolan hyzmatdaşlyk Oracle amerikan korporasiýasy we Walmart kompaniýasy bilen maslahatlaşylypdy. Şertnama baglaşylan ýagdaýynda olar TikTok-yň ABŞ-daky golçur kärhanasyny, ulanyjy maglumatlaryny we mazmuny gözegçilik astyna alyp bilerdi.
Geçen ýylyň ahyrynda ABŞ-nyň Kongresi TikTok sosial ulgamynyň federal hökümet telefonlarynda we elektron gurluşlarynda ulanylmagyny gadagan edýän kanun taslamasyny tassyklady. Fewral aýynda Ak öý ähli federal agentliklere TikTok-y ähli hökümet elektron gurluşlaryndan aýyrmak üçin 30 gün berdi.
Amerikan kanun çykaryjylary hem öz gezeginde Birleşen Ştatlaryň prezidentine programmany düýbünden gadagan etmäge mümkinçilik berjek kanun taslamasyna garamagy meýilleşdirýärler. Umumy alanyňda, ABŞ-nyň 13 ştaty eýýäm Hytaýda ýerleşýän ByteDance kompaniýasyna degişli bolan TikTok-a garşy çäre gördi.
Amerikan häkimiýetleriniň pikiriçe, HHR-iň hökümeti hytaý programmasyny amerikaly ulanyjylaryň maglumatlaryny ýygnamak üçin ulanyp biler. TikTok programmasynyň ABŞ-da 100 milliondan gowrak ulanyjysy bar.


03.04.2025 13:46
8k+

Amazon TikTok-y satyn almak üçin arza berdi

Amazon ahyrky pursatda Hytaýyň ByteDance kompaniýasyna degişli TikTok-yň ABŞ-daky bölümini satyn almak üçin arza berdi. Bu barada çeşmelerine salgylanyp, «The New York Times» neşiri habar berýär. Amazon öz teklibini...

30.03.2025 18:43
15k+

TikTok-y dörediji Çžan Imin Hytaýyň iň baý adamy boldy

ByteDance kompaniýasynyň esaslandyryjysy Çžan Imin Hytaýyň iň baý adamy boldy. Bloomberg Billionaires Index indeksine görä, onuň baýlygy 13,6 mlrd dollar artyp, 57,5 mlrd dollara ýetdi. Imin Tencent Holdings kompaniýasynyň...

27.03.2025 14:16
4.4k+

TikTok-yň marketing we mahabat bölüminiň başlygy kompaniýadan gidýär

TikTok-yň global işewürlik çözgütleri bölüminiň başlygy Bleýk Çendli kompaniýany terk edýär diýip, Adweek habar berýär. Bu TikTok-yň 2025-nji ýylyň başyndan bäri işden giden top-menejerleriniň azyndan sekizinjisidir...

24.03.2025 06:30
3.8k+

Perplexity TikTok-y satyn alyp, onuň algoritmini düýpgöter üýtgetmegi meýilleşdirýär

Perplexity kompaniýasy TikTok-y satyn alyp, onuň algoritmini düýpgöter üýtgetmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi diýip, «The Verge» neşiri habar berýär. Perplexity-niň meýilnamasyna görä, platforma satyn alnan...