Seulda dünýäniň iň uly içinden daýanç diregsiz tomaşa çarhy açylar

  • 19.03.2023 11:41
  • 27k+

Günorta Koreýanyň häkimiýetleri dünýäniň iň uly tomaşa çarhynyň gurluşygynyň taslamasyny hödürlediler. Onuň esasy aýratynlygy  — attraksionyň gurluşynda adaty kese görnüşindäki daýanç-diregleriniň bolmazlygydyr. Çarh Seulda Mapho-gunyň Hanyl seýilgähinde ýerleşer diýip, HypeBeast habar berýär.

Taslama görä, gurluşyň beýikligi 180 metr bolar - bu şunuň ýaly daýanç-diregsiz çarh üçin rekord. Attraksion aýnadan we metaldan ýasalar. Ol penjiresi giň manzarly kabinalaryň ýerleşýän bitewi halka turbasy görnüşinde bolar. Çarh jemi 36 wagondan ybarat  bolup, olaryň hersi 25 adama niýetlenendir.
Taslamanyň awtorlary bu ýeri diňe bir güýmenje üçin däl, eýsem medeni ýer hem etmegi göz öňünde tutýarlar. Bu ýere gelýänler Nanjidonyň taryhy bilen tanşarlar. Ozal bu ýer dünýäniň iň uly zir-zibil dökülýän ýerleriniň biridi. Indi meýdança bäş dürli mowzukly seýilgähi bolan ekologiki toplum.
Gurluşygy 2025-nji ýyla çenli tamamlamak meýilleşdirilýär, oňa 411 million dollar bölnüp berler.


15.06.2026 19:47
3.4k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......

09.06.2026 23:10
2.7k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

27.05.2026 00:21
4.1k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......

13.05.2026 12:16
4k+

Koreýaly futbolçy bir aýagy bilen topy 60 sekuntda 363 gezek galdyryp rekord goýdy

Günorta Koreýaly futbolçy Çžan Wu Son üýtgeşik üstünlik bilen resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol bir minudyň içinde topy bir aýagynda 363 gezek galdyrmagy başardy....