Ýagşymyradow Bellatorda ýarym agyr agramdakylaryň reýtinginde ýedinji orna çykdy

  • 19.03.2023 11:25
  • 29k+

Garyşyk söweş stiliniň türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow Bellatoryň ýarym agyr agramdaky söweşijileriniň reýtinginiň top - 7-ligine girdi. Täzelenen sanaw guramanyň saýtynda neşir edildi.

11-nji marta geçilýän gije Bellator 292 ýaryşynda Türkmenistanyň wekili litwaly Julius Englikasy ýeňdi. Üç raundlyk tutluşygyň netijesi boýunça Ýagşymyradow eminleriň biragyzdan karary bilen ýeňiş gazandy.
Döwletjan üçin bu ýeňiş Bellatorda yzly-yzyna ikinji ýeňşi boldy. Onuň hasabynda 20 ýeňiş, 7 ýeňliş we 1 deňme-deňlik bar.
Reýtingde Wadim Nemkow liderlik edýär. Ondan soňky orunlarda Kori Anderson, Fil Dewis ýerleşýär.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 17:46
15k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......