Awtoulag üçin haýsy ýagy saýlamaly? «Technol» motor ýaglary ygtybarlylygy kepillendirýär

  • 16.03.2023 13:14
  • 25k+

Motor ýaglarynyň awtoulagyň hereketlendirijisiniň ömrüni uzaltmakda esasy zatdygyny sürüjileriň ählisi biragyzdan makullasa gerek. Emma awtoulagyň üçin haýsy ýagyň gowudygy baradaky sowal babatda welin sürüjiler dürli-dürli pikirde bolup biler. Häzirki wagtda türkmen bazarynda dünýä belli motor ýaglarynyň dürli görnüşleri bar.

Şeýle ýaglaryň biri hem, 2019-njy ýyldan bäri türkmen bazaryndan mälim bolan Technol ýaglarydyr. «Iki Dogan Hyzmaty» HK Technol kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi dileri bolup durýar.

Technol kompaniýasy iň täze tehnologiýany ulanmak bilen önümleriniň hilini yzygiderli ýokarlandyrmagy, sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmagy, täze bazarlara çykmagy we nebit önümlerini öndürmekde öňdebaryjylaryň hatarynda bolmagy maksat edinýär.
Technol kompaniýasynyň işiniň esasy ugry dünýä belli haryt nyşanlarynyň görkezijilerine laýyk gelýän ýaglary hemmeler üçin elýeterli bahadan hödürlemek bolup durýar. Technol kompaniýasy tarapyndan öndürilýän ýokary hilli önümler gysga wagtda müşderileriň göwnünden turmagy başardy. Technol ýaglary bu günki gün onlarça döwlete, şol sanda Türkmenistana iberilýär.

Türkmenistanda Technol ýaglarynyň ulaglaryň ähli görnüşleri üçin niýetlenen giň toplumy hödürlenilýär.
Azerbaýjanda hem Kawkaz sebitinde motor we senagat ýaglaryny ilkinji öndüriji bolup durýan Technol kompaniýasynyň önümçilik kuwwaty günlük 140 tonna, ýyllyk bolsa 50 müň tonna barabar.
Önümçilik işi dolulygyna awtomatlaşdyrylan görnüşinde alnyp barylýar. ABŞ-da, Beýik Britaniýada, Germaniýada we Ýaponiýada öndürilen häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan kompaniýa ýaglaryň anyk seljermesini geçirmek üçin halkara ygtyýarlandyrmasyny alan döwrebap barlaghana eýedir.
Technol ýaglary hil görkezijileri babatda ençeme şahadatnamalara eýedir.

Technol kompaniýasynda öndürilýän motor hem senagat ýaglarynyň ählisi Infineum, Chevron, Afton ýaly abraýly iberijiler tarapyndan üpjün edilýän ýokary hilli çig mallardan öndürilýär. Önümler Amerikanyň Nebit Institutynyň (API), Awtomobil öndürijileriniň Ýewropa Assosiasiýasynyň (ACEA) standartlaryna laýyk gelýär. Önümler şeýle hem Synaglaryň we Materiallaryň Amerikan Jemgyýetiniň talaplaryna laýyklykda, synaglardan geçirilýär. Öndürilen önümleriň ählisiniň müşderileriň isleglerini we kanunçylygyň talaplaryny kanagatlandyrmagy üçin ISO9001-2015 standartlary ulanylýar. Şundan başga-da, kompaniýada daşarky dünýäni dolandyrmak üçin ISO14001:2015 standarty, howpsuzlygy dolandyrmak üçin ISO45001:2018 halkara standarty ulanylýar.

Türkmenistanda Technol ýaglaryny satyn almak üçin şu telefon belgilerinden habarlaşyp bilersiňiz:
+99363 34-66-65+99361 58-85-01


06.04.2026 11:49
16k+

Türkmenistanda howa maglumaty: bahar paslynyň oýny

Şu hepde meteorologlar Türkmenistanda hepdäniň başynyň ýagyşly we şemally boljakdygyny çaklaýar. Emma hepdäniň ikinji ýarymy gurak we maýyl bolar....

01.04.2026 18:38
12k+

Toyota-nyň Türkmenistandaky resmi dilerleri täze sepgide ýetdiler

2025-nji ýylda «Toyota» Türkmenistanda taryhy netije gazandy – kompaniýanyň resmi distribýutory «Toyota Central Asia FZE» tarapyndan satylan ulaglaryň möçberi ähli döwürleriň görkezijisi bilen deňeşdirilende,......

31.03.2026 12:06
1.8k+

«Ýönekeý» Hytaýda okamak isleýänlere CSCA synagyna taýýarlyk görmäge ýardam berýär

«Ýönekeý» kompaniýasy dalaşgärlere CSCA (China Scholastic Competency Assessment) synagyny üstünlikli tabşyrmaga ýardam berdi. Bu synag 2026-njy ýyldan başlap Hytaýyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmek üçin......

30.03.2026 11:13
12k+

Hepdelik howa maglumaty: aprel aýy ýagyş bilen gelýär

Türkmenistanda aprel aýy temperaturanyň peselmegi bilen başlar. Meteorologiýa gulluklarynyň berýän maglumatlaryna görä, 1-nji aprel gijesinden 2-nji apreliň säherine çenli ýurduň ähli ýerinde ýagşa garaşylýar,......