THR: Tarantino özüniň soňky filminiň edebi esasyny ýazdy

  • 16.03.2023 12:41
  • 7k+

Kino režissýory we ssenariçi Kwentin Tarantino täze we ähtimal, soňky filmi üçin ssenariýanyň üstünde işlemegini tamamlady. Bu barada sişenbe güni The Hollywood Reporter habar berdi.

Onuň çeşmeleriniň maglumatyna görä, ssenariniň ady «Kino tankytçysy» (The Movie Critic) we wakalar 1970-nji ýyllaryň ahyrlarynda Los-Anjelesde ýaýbaňlanýar. The Hollywood Reporter filmiň baş gahrymanynyň zenan boljakdygyny aýtdy. Neşiriň çeşmeleri filmiň amerikan žurnalisti we iň täsirli kino tankytçylaryndan biri bolan Polin Keýle (1919-2001) bagyşlanyp biljekdigini belleýär.
Film üstümizdäki ýylyň güýzünde surata düşürilip başlanar. Tarantino entek filmi surata düşürmek barada haýsydyr bir kinostudiýa bilen şertnama baglanyşmady diýip, neşir habar berýär.
The Hollywood Reporter täze lentanyň 59 ýaşly Tarantinonyň karýerasyndaky iň soňky çeper filmi bolup biljekdigini nygtaýar. Neşir ozal režissýoryň aňry gitse 10 filmi surata düşürmegi meýilleşdirýändigini tekrarlap gelendigini ýatladýar. Žurnalyň bellemegine görä, eger "Billi öldürmek" (Kill Bill) boýewiginiň iki bölümini bir diýip hasap etsek, onda režissýoryň hasabynda dokuz sany film bar.

şu gün 10:41
908

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
2.5k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
8.3k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
10k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......