“Pinokkio Gilýermo del Toro” multfilmi “Oskar” baýragyna mynasyp boldy

  • 13.03.2023 18:46
  • 8.3k+

“Pinokkio Gilýermo del Toro” multfilmi “Iň gowy animasion film” kategoriýasynda “Oskar” baýragyna mynasyp boldy.

Italiýaly ýazyjy Karlo Kollodiniň “Pinokkionyň başdan geçirmeleri” ertekisiniň esasynda döredilen multfilmde hakyky oglana öwrülýän agaç gurjak barada gürrüň berilýär. Gilýermo del Toronyň režissýorlygyndaky bu multfilm öň “Altyn globus” baýragyna-da eýe bolupdy.
Bu nominasiýada “Oskar” baýragy üçin oňa “Marsel, aýakgapdaky balykgulak”, “Ädikli pişik 2: Iň soňky isleg”, “Men gyzarýaryn” we “Deňiz nägehany” multfilmleri bäsdeş boldy.


29.11.2025 09:20
2.2k+

Jeýms Kemeron Netflix-iň filmleriniň “Oskar” baýragyna dalaş etmegine garşy çykdy

Režissýor Jeýms Kemeron Netflix-iň filmleriniň «Oskar» baýragyna gatnaşmaly däldigini aýtdy. Ol öz pikiri bilen «The Town with Matt Belloni» podkastynda paýlaşdy. «Awatar» we «Titanik» filmleriniň režissýory Netflix-iň filmleri diňe akademiýanyň düzgünlerine laýyk gelmek üçin gysga möhletleýin çäkli kinoprokata goýbermek tejribesini tankytlady...

18.11.2025 09:22
3.4k+

Tom Kruza kinematografa goşan goşandy üçin “Oskar” hormat baýragy berildi

Amerikaly aktýor Tom Kruz kino pudagyna goşan goşandy üçin “Oskar” hormat baýragyny aldy. Bu barada Amerikan kinosungat akademiýasyna salgylanyp, Variety neşiri habar berýär. Kruza heýkeli amerikaly režissýor Alehandro Gonsales Inýarritu gowşurdy...

20.08.2025 08:52
2.6k+

YouTube “Oskary” ýaýlymda görkezmek hukugyny satyn almak isleýär

YouTube “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasyny ýaýlyma bermek üçin hukuk satyn almaga gyzyklanma bildirýär. Bu barada iki çeşmä salgylanyp, Bloomberg habar berýär. Neşiriň bellemegine görä, barha abraýyny ýitirýän dabaranyň iň uly wideohostingde ýerleşdirilmegi oňa bolan gyzyklanmany artdyryp bilerdi...

19.06.2025 10:00
2.7k+

Tom Kruz kino pudagyna goşan goşandy üçin “Oskar” hormat baýragyny alar

Amerikan kinoakademiýasy kino pudagynyň ösüşine goşan goşandy üçin “Oskar” hormat baýragynyň geljekki eýelerini yglan etdi. Olaryň arasynda “Missiýa ýerine ýetirmesiz” franşizasynyň ýyldyzy we häzirkizaman Golliwudynyň esasy nyşanlarynyň biri bolan aktýor Tom Kruz hem bar...