«Altyn malina 2023» anti-baýragynyň laureatlary belli boldy

  • 12.03.2023 23:02
  • 11k+

Her ýyl “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasyndan bir gün öň geçirilýän “Altyn malina 2023” baýragynyň laureatlary belli boldy. Bu baýrak iň ýaramaz aktýorlyk işleri, filmler, ssenariýalar, saundtrek we režissýorlyk üçin berilýär diýip, rbclife.ru habar berýär.

Ýylyň iň ýaramaz filmi Merilin Monronyň durmuşyna bagyşlanan “Blondin” biografiki filmi boldy. Şol bir wagtyň özünde baş keşbi ýerine ýetiriji aktrisa Ana de Armas 2023-nji ýylda iň gowy zenan keşbi üçin “Oskar” baýragyna dalaşgär görkezildi.
Iň şowsuz erkek keşbi üçin baýragy “Morbius” fantastiki filmi üçin Jared Leto aldy, “Iň ýaramaz zenan keşbi” nominasiýasynda bolsa baýragy guramaçylar 12 ýaşly aktrisa Raýan Kira Armstrong bilen dawaly ýagdaý üçin özlerine berdiler. Öň olar aktrisany anti-baýraga dalaşgär görkezipdiler, ýöne indi ötünç sorap, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň bu baýraga dalaş edip bilmejekdiklerini habar berdiler.

“Altyn malina 2023” baýragynyň netijesi:

  • - Ýaramaz film – “Blondin”;
  • - Ýaramaz erkek keşbi – Jared Leto (“Morbius”);
  • - Ýaramaz režissýor – Machine Gun Kelly we Mod San (“Haýyrly ýas”);
  • - Ýaramaz remeýk ýa-da sikwel – “Pinokkio” (Disney);
  • - Ýaramaz ssenariýa – “Blondin”;
  • - Ikinji plandaky ýaramaz erkek keşbi – Tom Henks (“Elwis”);
  • - Ikinji plandaky ýaramaz zenan keşbi – Adria Arhona (“Morbius”);
  • - Ýaramaz ekran dueti – Tom Henks we onuň lateksli ýüzi (“Elwis”);
  • - Abraýy dikeldeniň üçin baýrak – Kolin Farrell (“Inişeriniň Banşisi”).
şu gün 10:41
537

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
1.5k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
7.3k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
9k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......