Morgan Friman Muhammet Alynyň terjimehal filmine prodýusserlik eder

  • 11.03.2023 14:24
  • 13k+

«Oskar» baýragynyň eýesi Morgan Friman Peacock akym hyzmaty üçin täze «Excellence: 8 Fights» (Rüstemlik: Sekiz söweş) terjimehal serialynyň ýerine ýetiriji prodýusseri bolar. Taslama ady rowaýata öwrülen boksçy Muhammet Alynyň ömri we karýerasy barada gürrüň berer.

Prodýusserlik etmekde Frimana «Brijertonlaryň» ýyldyzy Rege-Žan Peýj hyzmatdaş bolar. Baş keşbi ýerine ýetirjek aktýor entek yglan edilmedi. Jonatan Eýgiň «Ali. Durmuş» atly terjimehal kitaby filme esas bolar. Serialyň döredijisi - «Oskar» baýragynyň eýesi Kewin Uillmot («Gara klançy»).
Görkezişiň sekiz bölüminiň her biri Alynyň (hakyky ady Kassius Kleý) bir söweşine, şeýle hem boksçynyň ringiň daşyndaky içki gaýgy-aladalaryna bagyşlanar. Çykjak takyk senesi yglan edilmedi.
Frimanyň gatnaşmagynda ýazda “Gowy adam” dramasy hem-de “Professor we hyýaly ganhor” trilleri çykar. Şeýle hem, ol “Paramount + -yň "Ene arslan" serialynda çykyş eder.

şu gün 10:41
537

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
1.5k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
7.5k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
9.2k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......