HOK 2030-njy ýylyň Olimpiadasynyň geçiriljek ýerini kesgitlejek wagtyny habar berdi

  • 08.03.2023 11:12
  • 5.4k+

2030-njy ýylyň gyşky Olimpiadasynyň geçiriljek ýerini kesgitlejek Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) sessiýasy 14-nji oktýabrdan 17-nji oktýabr aralygynda Hindistanyň Mumbai şäherinde geçiriler. Bu barada guramanyň resmi saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

2022-nji ýylyň sentýabr aýynda HOK-yň aragatnaşyk müdiri Mark Adams guramanyň 140-njy sessiýasynyň 2023-nji ýylyň maý aýyndan sentýabr aýyna geçirilendigini aýdypdy. Şonda sessiýanyň geçiriljek ýeri bolan Hindistanyň Milli Olimpiýa Komitetine (MOK) “dowam edýän içerki agzalalyklar we kazyýet amallary bilen baglylykda” soňky duýduryş berildi.
HOK-yň sessiýasyndan öň guramanyň ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisi geçiriler (12-13-nji oktýabr). 14-nji oktýabrda sessiýanyň açylyş dabarasy bolar, maslahatlaşmalar 15 – 17-nji oktýabrda geçiriler.
Olimpiada – 2030-y geçirmäge Kanadanyň Wankuwer we Uistler şäherleri, Ýaponiýanyň Sapporo şäheri we Solt-Leýk-Siti amerikan şäheri isleg bildirdi.


11.04.2025 16:52
5.3k+

Olimpiada-2028-däki futbol ýaryşynda erkekler topary az, zenanlar topary köp bolar

Halkara Olimpiýa komiteti (HOK) Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiada-2028-e gatnaşjak futbol boýunça erkekler ýygyndylarynyň sanyny azaltdy. Bu barada HOK-yň sport direktory Kit Makkonnell habar berdi. Ýaryşda öňki...

24.03.2025 11:03
2.4k+

Boks Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna gaýdyp geldi

Boks 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň programmasyna resmi taýdan goşuldy. Çözgüt Halkara olimpiýa komitetiniň (HOK) Kosta-Nawarinoda (Gresiýa) geçirilen 144-nji sessiýasynda...

21.03.2025 15:23
1.9k+

Kirsti Kowentri Halkara Olimpiýa Komitetiniň prezidenti wezipesine saýlandy

Kirsti Kowentri Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) täze prezidenti wezipesine saýlandy. Bu barada guramanyň resmi web sahypasynda habar berildi. Kowentri HOK-nyň Gresiýada geçirilen 144-nji mejlisinde gizlin ses...

20.03.2025 17:57
3.7k+

Tomas Bah Halkara Olimpiýa Komitetiniň ömürlik hormatly prezidenti diýlip yglan ediler

Halkara Olimpiýa komiteti Gresiýada geçirilen 144-nji mejlisinde Tomas Baha, guramanyň başlygy wezipesinde işlemek möhleti gutarandan soň, ömürlik "hormatly prezident" derejesini bermek kararyna geldi. Bu barada...