Jokowiç Indian-Uellsde geçiriljek Masters tapgyrynyň ýaryşlaryndan çekildi

  • 07.03.2023 13:08
  • 4.6k+

Dünýäniň birinji raketkasy serbiýaly Nowak Jokowiç Indian-Uellsde geçiriljek Masters kategoriýasynyň ýaryşlaryny sypdyrar diýip, ýaryşyň metbugat gullugy habar berýär. Muny sport-interfax.ru ýetirýär.

Onuň deregine Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginde 118-nji orny eýeleýän Gruziýanyň wekili Nikoloz Basilaşwili çykyş eder.
Öň, HBS ABŞ-nyň häkimiýetleriniň Jokowiçe koronawirusa garşy sanjym almakdan ýüz öwürendigi sebäpli ýurda girişde boýun gaçyrandyklaryny habar berdiler.
Ýaryş 8-nji martdan 19-njy mart aralygynda geçiriler. Häzirki ýeňiji amerikaly Teýlor Frisdir. Jokowiç bu ýaryşyň bäş gezek ýeňijisi boldy, bu hem ony şweýsariýaly Rojer Federer bilen bilelikde onuň iň köp titully gatnaşyjysyna öwürýär.
ATP Masters tapgyry her ýyl dokuz ýaryşy özüne birikdirip, abraýlylygy boýunça “Uly tuwulga” ýaryşlaryndan soň ikinji orunda durýar. Her bir ýaryşyň ýeňijisi ATP reýtinginiň hasabyna 1000 utuk alýar.


18.06.2026 10:24
1.1k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
11k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

15.06.2026 14:57
5.9k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....