Google hereketdäki awtoulaglarda gurluşlarynyň ähli funksiýalaryny diýen ýaly petiklär

  • 07.03.2023 12:30
  • 7.5k+

Tehniki ägirt bolan Google hereketdäki ulaglarda gurluşlarynyň funksiýalarynyň aglabasyny awtomatiki usulda petiklemek pikirini patentledi. Autoevolution-yň ýazmagyna görä, bu düşünje diňe nawigasiýa üçin zerur bolan goşundylara elýeterliligi galdyrmagy göz öňünde tutýar.

Gurluş ulgamy öz içindäki datçikleri ulanyp, hakykatdanam, ulagdalygyny kesgitlär diýlip çaklanylýar. Ulag hereketde wagty ugur nawigasiýasyny goldaýan gurallary ulanmaga mümkinçilik berse-de, funksiýalara we kontente girişi çäklendirer.
Mundan başga-da, käbir beýleki hyzmatlary dolandyrmak mümkinçiligi galar, ýöne olar diňe ses buýruklarynyň kömegi bilen işlär.
Patent sargytnamasy ulgamy adaty telefonlardan akylly sagatlara we akylly äýneklere çenli dürli ykjam gurluşlarda ulanmak mümkinçiligini üpjün edýär. Şeýlelik bilen, Google sürüjileriň daşarky gurluşlardan mümkin boldugyça ünsüni sowup, ony bütinleý ulagy dolandyrmaklyga gönükdirmeklerine garaşýar. Şeýle-de bolsa, täze tehnologiýa ornaşdyrylsa, ony öçürip goýmak mümkinçiliginiň hem bolmagy ahmal.


19.06.2026 19:53
2.1k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....