Maýkl B. Jordan «Şöhrat bagýodasynda» «ýyldyz» aldy

  • 06.03.2023 10:18
  • 21k+

«Krid» we «Gara babyr» filmleriniň ýyldyzy Maýkl B. Jordan Golliwudyň meşhur «Şöhrat bagýodasynda» şahsy «ýyldyzynyň» goýulmagyna mynasyp boldy. Onuň goýluş dabarasy 1-nji martda çarşenbe güni geçirildi.

Dabara Jordanyň kärdeşleri, «Babyryň» režissýory Raýan Kugler we «Krid 3» boýunça hyzmatdaşy Jonatan Meýjers dagy gatnaşdy. Boks franşizasynyň üçünji bölümi ABŞ-da çykýar. Jordan üçin bu film režissýor hökmünde ilkinji çykyşy boldy. Tankytçylar bu filmi eýýäm öwüpdirler.
Şeýle-de, Jordan «Fantastiki dörtlük» rebutyndaky, «Frutweýl bekedi» we «Günäsini ötmeli» dramalaryndaky, «Farengeýt boýunça 451 gradus» serialyndaky we beýleki keşpleri bilen hem tanalýar.

şu gün 10:41
537

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
1.5k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
7.3k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
9k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......