Köp çagaly eneleriň 285-sine Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakylar

  • 04.03.2023 13:06
  • 26k+

7-nji martda Aşgabat şäherinde, 8-nji martda bolsa welaýatlarda sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen zenanlara täze öýleriň açarlary gowşurylar. Şeýle hem 7-nji martda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde köp çagaly eneleriň 285-sine Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň nyşanlaryny gowşurmak çäresini geçiriler.

Şol gün olaryň ählisi Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriljek baýramçylyk konsertine çagyrylar.
Bu barada Mejlisiň Başlygy 3-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentine habar berdi.
Serdar Berdimuhamedow köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekip, hormatly adyň nyşanlaryny, şeýle hem köp çagaly maşgalalara täze öýleriň açarlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagyň zerurdygyny belledi.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......