D witamini demensiýa keseliniň ýüze çykma howpuny 40% azaldýar

  • 02.03.2023 14:27
  • 11k+

Ýewropaly we kanadaly lukmanlar D witamininiň yzygiderli kabul edilmegi 70 ýaşdan ýokary gartaşan adamlaryň arasynda demensiýa (ýatkeşligiň kütüleşmegi, kelle-beýniniň işiniň bozulmagy) keseliniň ýüze çykmagyny 40 göterim azaldýandygyny anykladylar. Bu barada britan Eksetera Uniwersitetiniň habarlar gullugy Alzheimer’s & Dementia žurnalynda çap edilen makala salgylanyp habar berýär.

Alymlar D witaminiň yzygiderli kabul edilmeginiň keseliniň döremek ähtimallygyna we ýygylygyna nähili täsir edýändigini we nämäniň molekulalarynyň beýni öýjüklerindäki belok “zibillerini” çykarmaga ukyplydygyny anyklamak kararyna geldiler. Munuň üçin olar 71 ýaşdan ýokary 12 müň sany gartaşan adamyň beýnisiniň işleýşine gözegçilik etdiler.
Alymlaryň bellemeklerine görä, synaga gatnaşanlaryň, takmynan, her üç adamdan biri D witamini yzygiderli kabul etdiler. Munuň özi lukmanlara meýletinçiniň beýnisine ýakyn on ýylda maddanyň täsirini yzarlamaga mümkinçilik berdi. Bu synaglar geçirilende bilermenler synaga gatnaşyjylaryň Alsgeýmer keseliniň ýüze çykmak ähtimallygyny ýokarlandyrýan APOE geniniň üýtgemelerini göterýändigini ýa ýokdugyny hem nazara aldylar.
Alnan netijeler, on ýyl gözegçilik döwrüniň içinde demensiýa 2,7 müň meýletinçide ösendigini görkezip, olaryň 75 göterimi bu döwürde D witaminini kabul etmediler. Lukmanlaryň bellemegine görä, ähli zyýanly täsirleri hasaba alyp aýdanyňda, D witaminiň yzygiderli kabul edilmegi demensiýanyň ýüze çykmagyny 40 göterim azaldýar.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda dünýäde demensiýa (ýatkeşligiň kütüleşmegi, kelle-beýniniň işiniň bozulmagy) keselinden ejir çekýän 55 million adam ýaşaýar. Onuň esasy sebäpleriniň biri-de Alsgeýmer keseli. Ol 60-70 göterimde ýüze çykýar. Nerw ulgamynda ýüze çykýan bu kesel zerarly beýniniň öýjükleri ölýär, netijede adamyň pikirleniş, özüni alyp baryş ukyby, jemgyýetçilik endikleri bozulýar. Ol golaýda bolup geçen gürrüňleri, wakalary ýa-da dogan-garyndaşlarynyň atlaryny ýatdan çykaryp, öňden bilýän ýerinde azaşyp biler.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......