«Ýüzükleriň hökümdary» kino franşizasynyň dowamy düşüriler

  • 26.02.2023 11:59
  • 8.3k+

Warner Bros.  we New Line  studiýalary  Şwesiýanyň Embracer Group oýun kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. «Uornerler» indi Ortaýeriň Gendalf, Bilbo Beggins, Aragorn ýaly we beýleki gahrymanlaryň hukuklaryna eýeçilik edýärler, bu bolsa film kompaniýasyna «Ýüzükleriň hökümdary» franşizasynyň täze filmleriniň önümçiligini ýola goýmaga mümkinçilik berer.

«Ýüzükleriň hökümdary» trilogiýasy, edil «Hobbit. Aňry we yzyňa» kitaby ýaly, ýazyjy Jon R.R. Tolkiniň galamyndan çykandyr. Režissýor Piter Jeksonyň (2001-2003) ýolbaşçylygynda surata düşürilen trilogiýanyň ekranlaşdyrylmagy dünýäde 2,9 milliard dollar gazandy. Soňra Jekson “Hobbit”-iň (2012-2014) esasynda üç film döretdi.
Ýakynda çykjak filmleriň sýužeti entek köpçülige aýan edilmedi. «Uornerleriň» ýolbaşçysy Dewid Zaslaw şertnama barada maýadarlar bilen bolan söhbetdeşlikde gürrüň berdi. Şeýle-de,  ol geçen ýylyň noýabr aýynda «Garri Potteriň» hukuklaryna eýe bolan ýazyjy Joan Rouling bilen hem şuňa meňzeş şertnama baglaşmak isleýändigini aýtdy.
Geçen ýyl Amazon Prime «Hökümdar» prikweliniň  deslapky möwsümi bolan “Häkimlik ýüzügini” çykardy. Asyl nusganyň muşdaklary telewideniýäniň taryhynda iň gymmat bolmagy başaran şüweleňi dürlüçe kabul etdiler.

şu gün 10:41
537

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
1.5k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
7.3k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
9k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......