Hogwarts Legacy oýny günde tas 1 mln nusga tizligi bilen satylýar

  • 25.02.2023 14:47
  • 11k+

“Garri Potteriň” esasynda döredilen Hogwarts Legacy oýny çykan gününden bäri ilkinji iki hepdäniň dowamynda 12 mln nusga tiraž bilen satylyp, işläp düzüjilere 850 mln dollar möçberinde girdeji getirdi. Bu barada oýny çykaryjy Warner Bros. Games kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, Variety neşiri habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Bellenilişi ýaly, Hogwarts Legacy hem mukdar taýdan, hem pul taýdan Warner Bros. Games-iň rekordyny goýdy. Mundan başga-da, oýun geýmerler tarapyndan sarp edilen wagtyň mukdary boýunça-da çykaryjynyň rekordyny goýdy – 10-njy fewraldan 23-nji fewral aralygynda tutuş dünýä boýunça oýunçylar Hogwarts Legacy üçin 280 mln sagat sarp etdiler.
Oýun azyndan bir rekordy Warner Bros. Games-iň çäginden daşary goýdy. Twitch-de dürli strimerler tarapyndan Hogwarts Legacy oýnunyň geçilişine bir wagtyň özünde 1,28 mln tomaşaçy tomaşa etdi, bu hem “Ýekeleýin oýunlar” kategoriýasynda platforma üçin görlüp-eşidilmedik netijedir. Mundan öň rekord Cyberpunk 2077-ä degişlidi.
Bu haýran galdyryjy netijelere garamazdan, Hogwarts Legacy heniz täjirçilik potensialyny doly aýan etmedi. Häzirki wagtda bu täze oýny diňe PlayStation 5-de, Xbox Series X/S-de we ŞK-da oýnap bolýar, ýöne soňrak ol PlayStation 4, Xbox One we Nintendo Switch platformalarynda çykar we ol ýerde-de millionlarça tiraž bilen satylyp bilner.

şu gün 10:41
537

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
1.5k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
7.5k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
9.2k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......