Mersedes täze E-Class modeliniň salonyny görkezdi

  • 25.02.2023 11:18
  • 27k+

Mersedes-Benz kompaniýasy täze E-Class modeliniň salonyny görkezdi. Görnüşinden çen tutsaň, bu awtoulagyň täze nesli bolmaly: häzirki awtoulag 2016-njy ýyldan bäri öndürilýär we eýýäm restaýling geçdi.

Täze gural paneli tutuşlygyna üç sany reňkli ekrandan ybarat bolup, tutuş inine – gapydan-gapa ýerleşýär. Şol bir wagtyň özünde, sürüjiniň ýolagçylaryň görýän zatlaryna ünsi sowulmaz ýaly, olaryň görüş burçy ýörite çäklendirilendir. Elýeter hyzmatlaryň arasynda wideo oýunlar, onlaýn wideo we audio hyzmatlary, wideo konferensiýalar, esasanam, Zoom we başgalar bar.
Sürüji ýokardaky hyzmatlary, diňe awtoulag duralgada durka, oturan ýerinden ulanyp biler. Ulag ekrandan başga-da, içki döwrebap yşyklandyryş bilen ünsi özüne çekýär.


Kompaniýa bu modeli 2023-nji ýylyň aýagyna çenli Demirgazyk Amerikanyň bazaryna çykarmagy wada berýär. Awtoulagyň daşky görnüşi, oňa zawodda berlen adynyň ýaşyrylyşy ýaly, henizem gizlin saklanýar. Iň soňky Mersedes E kysymly sedanlaryň W210, W211, W212 we W213 zawod indeksleri bilen öndürilendigini ýatladýarys. Onda täze model W214 hökmünde taryha girer diýip çaklamak bolar.


20.06.2026 12:20
4.1k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....