Angry Birds Google Play-dan hemişelik aýrylar

  • 24.02.2023 13:52
  • 15k+

Angry Birds mobil oýny kompaniýanyň aktual oýunlar hataryna “ýaramaz täsir edýändigi” sebäpli Google Play-dan aýrylar. Bu barada Rovio Entertainment Corporation özüniň Twitter sahypasynda habar berdi diýip, incrussia.ru belleýär.

“Biz biznesimiz üçin Rovio Classics: Angry Birds-iň roluna täzeden baha berdik we taslamanyň giň göwrümli oýun portfelimize täsirini göz öňünde tutup, oýny 23-nji fewraldan Google Play dükanyndan aýyrmak kararyna geldik” – diýip, işläp düzüji belledi.

Eýýäm ýüklenen oýunlar Android operasion sistemaly gurluşlaryň ählisinde işlemegini dowam eder. App Store-da Angry Birds oýny Red’s First Flight diýlip atlandyrylar.
Ýatlap geçsek, Angry Birds oýnunyň birinji wersiýasy 2009-njy ýylyň 11-nji dekabrynda iPhone-a çykaryldy. Oýun örän meşhur bolup, onuň üçin köp sanly täze wersiýalar we goşmaçalar hem goýberildi. 2016-njy ýylda “Angry Birds kinoda” atly doly metražly multfilm, üç ýyldan bolsa onuň dowamy çykdy.
Angry Birds dünýäde iň meşhur mobil oýunlaryň biri hasaplanýar. 2022-nji ýylda ol Angry Birds Journey häzirkizaman remeýkine eýe boldy we Google tarapyndan “başlangyç geýmerler üçin ýylyň oýny” diýlip atlandyryldy.

düýn 22:03
1.1k+

Belgiýada çarlaklaryň sesine öýkünmek boýunça bäsleşik geçirildi

Belgiýanyň De-Panne şäherçesinde her ýyl däp bolan ýewropa bäsleşiginiň nobatdaky sany geçirildi. Bu gezek gatnaşyjylar çarlaklaryň sesine iň ökde öýkünmek ugrunda bäsleşdiler. Oňa Ýewropanyň 16 ýurdundan......

düýn 19:50
1.4k+

Uçuda tarap ädim: Londonda Benksiniň goly çekilen täze heýkel peýda boldy

29-njy aprelde Londonyň taryhy merkezindäki Waterloo meýdançasynda täze bir heýkel peýda boldy. Onuň sütüninde dünýä belli anonim köçe suratkeşi Benksiniň goly goýlupdyr....

düýn 19:23
2.6k+

Teýlor Swift emeli aňdan goranmak üçin sesini we keşbini haryt nyşany hökmünde hasaba aldyrýar

Meşhur aýdymçy Teýlor Swift ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasyna haryt nyşanlaryny hasaba aldyrmak üçin üç sany arza tabşyrdy diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 18:37
1.1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokiodaky “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy

27–29-njy aprel aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy.......