Serdar Berdimuhamedow Bruneý-Darussalam Döwletiniň Soltanyny Garaşsyzlyk bilen gutlady

  • 23.02.2023 14:10
  • 24k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Bruneý-Darussalam Döwletiniň Soltany Hajy Hassanal Bolkiaha Bruneý-Darussalam Döwletiniň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutany şu mümkinçilikden peýdalanyp, Soltan Hajy Hassanal Bolkiaha tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Bruneý-Darussalam Döwletiniň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik, gülläp ösüş arzuw etdi.


şu gün 17:00
803

Türkmenistan YHG-yň mejlisinde bitaraplygyň orny baradaky kararnamanyň taslamasyny hödürledi

31-nji ýanwar — 2-nji fewral aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Ýokary derejeli wekilleriň maslahatynyň 52-nji mejlisine gatnaşdy. Bu çäre 2026-njy ýylyň 11-12-nji aprelinde Bagdatda geçirilmegi meýilleşdirilýän YHG-yň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görmegiň üçünji we iň möhüm tapgyry boldy...

şu gün 16:39
730

Raşid Meredow Dubaýda ählumumy dolandyryş boýunça Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryny açyp görkezdi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Dubaýda (BAE) geçirilýän «Bütindünýä hökümet sammiti – 2026» forumynda çykyş edip, dünýäde dowam edýän krizis şertlerinde ählumumy dolandyryşy we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ýurduň garaýyşlaryny beýan etdi...

şu gün 13:14
744

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy BAE-däki kärdeşi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek barada maslahatlaşdy

3-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Dubaýa saparynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi...

şu gün 13:10
776

Aşgabat we Abu-Dabi energetika dialogyny işjeňleşdirmek barada ylalaşdy

3-nji fewralda Dubaýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşygy boldy...