Neapolda Diego Maradonanyň çep aýagynyň suraty ogurlandy

  • 20.02.2023 12:44
  • 35k+

Neapolda argentinaly futbolçy Diego Maradonanyň çep aýagynyň suraty ogurlandy diýip, Calciomercato habar berýär. Muny championat.com ýetirýär.

Habar berlişi ýaly, surat Maradonany şekillendirýän muralyň gapdalynda durdy. Bu surat Maradonanyň dabanynyň kendir matada çap edilen üç ölçegli skaneridir. Surat 1990-njy ýylda Italiýanyň çempionatynda “Napoliniň” ikinji çempionlygy mynasybetli döredilipdi.
Maradona 2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda 60 ýaşynda aradan çykdy. Ol hroniki ýürek ýetmezçiligi sebäpli ýüze çykan ýiti öýken çişiniň netijesinde ýogaldy. Şeýle-de, Maradonanyň ýüreginde ýüregiň kameralarynyň ulalmagyna getirýän we birnäçe sebäplere eýe bolan patologiýa, dilatasion kardiomiopatiýa ýüze çykaryldy. Maradonanyň ýüregi adaty ýürekden iki esse uludy we öwrenmek üçin saklanyp galyndy.

şu gün 10:41
537

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
1.5k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
7.3k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
9k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......