Eşigiňe görä baha bererler... ýa-da toý mekanlarynyň işinde işgärleriň egin-eşiginiň ähmiýeti barada

  • 19.02.2023 13:06
  • 29k+

Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde toý hyzmatlarynyň, toý mekanlarynyň sany diýseň köp. Bu toý hyzmatlary, toý mekanlary taýýarlaýan tagamlarynyň datlylygy, hyzmatynyň sany we hili, bahalarynyň elýeterliligi ýaly görkezijilerde biri-biri bilen bäsleşýärler. Bu görkezijiler müşderiniň ol ýa-da beýleki toý hyzmatyny / toý mekanyny saýlamagyna ýardam edýär. Agzap geçen görkezijilerimiz (tagamlaryň datlylygy, hyzmatyň sany we hili, baha amatlylygy) bilen bir hatarda, müşderiniň üns berýän ýene-de bir möhüm zady — ofisiantlaryň, aşpezleriň, menejerleriň we beýleki işgärleriň egin-eşikleridir.
Diýseň-diýmeseň, toý mekanlarynyň işgärleriniň ýörite taýýarlanan, toý hyzmatynyň (toý mekanynyň) logotipi oturdylan egin-eşiklerde hyzmat etmegi toýuň umumy guramaçylyk derejesini artdyrýar, toý hyzmatynyň abraýyny ýokary göterýär. Şonuň üçin hem toý hyzmatlarynyň (toý mekanlarynyň) eýeleri işgärler düzüminiň — menejerleriň, administratorlaryň, ofisiantlaryň we şular ýaly beýleki işgärleriň egin-eşigine aýratyn üns bermelidirler. Bu işgärler üçin ýörite egin-eşikleri, stollar üçin skatertleri, oturgyçlar üçin çehollary nireden sargyt edip boljakdygy barada bolsa TmCars bu gezekki materialynda habar berýär.

Türkmen hususy kärhanasy müşderileriň ýörite sargytlary esasynda, olaryň isleglerini göz öňünde tutup, toý hyzmatlarynyň işgärleriniň ähli düzümi üçin ÝÖRITE-EGIN EŞIKLERI, SKATERTLERI, ÇEHOLLARY, SALFETKALARY taýýarlap bermek hyzmatyny hödürleýär.
Logotipi oturdylan egin-eşikler şol toý hyzmatynyň müşderiniň ýadynda galmagyna täsir edýär. Galyberse-de, ofisiantlaryň egin-eşikleriniň göze gelüwli bolmagy bilen bir hatarda, olaryň jana rahat bolmagy hem esasy şertdir. Çünki işgärler bu egin-eşikde tutuş iş gününi geçirmeli. Hususy kärhana egin-eşikleri taýýarlanda, olaryň göze gelüwli, şol bir wagtda hem jana rahat bolmagyny baş maksady edip goýýar. Önümleriň ählisi Türkiýeden gelen materiallardan taýýarlanylýar.

Işgärler üçin taýýarlanylýan egin-eşikler her işgäriň ýerine ýetirýän işine görä indiwidual işlenilýär. Çünki aşpeziň, menejeriň, ofisiantyň edýän işi biri-birinden düýpgöter tapawutly, şol bir wagtda olaryň ählisini bir umumy stile laýyklanylýar. Ine, muny bolsa hususy kärhananyň baý tejribesine ynanyp bolar.
Bu hususy kärhana önümleriniň hiline, sargytlaryň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine kepil geçýär. Şol bir wagtda hem bahalarynyň amatlydygyny habar berýär.
Türkmen hususy kärhanasy eýýäm Bagtyýar toý mekany, Hezzet restorany, Aýly Güzer toý mekany, Täze duşuşyk toý mekany, Arzuw ýoly toý mekany, Nazarly bakyş toý mekany, Ahal toý mekany, Ajaýyp toý hyzmatlary, Tagam toý hyzmatlary, Goşa gumry restorany ýaly köp sanly toý mekanlarynyň işgärleriniň egin-eşiklerini taýýarlap berdi.
Toý hyzmaty ulgamynda iş alyp barýanlar özleri üçin indiwidual önümleri hem taýýarladyp bilerler. Dizaýn işine müşderiniň islegleri, toý hyzmatynyň reňk sazlaşygy, umuman, islendik ownuk detal göz öňünde tutulýar.

Öz toý mekanyňyzyň, toý hyzmatyňyzyň işgärleri üçin egin-eşikleri, stollaryň skatertlerini, stullar üçin çehollary, salfetkalary sargyt etmek isleseňiz şu telefon belgisine jaň edip bilersiňiz: +99365082347

Şeýle hem okap bilersiňiz:

06.04.2026 11:49
16k+

Türkmenistanda howa maglumaty: bahar paslynyň oýny

Şu hepde meteorologlar Türkmenistanda hepdäniň başynyň ýagyşly we şemally boljakdygyny çaklaýar. Emma hepdäniň ikinji ýarymy gurak we maýyl bolar....

01.04.2026 18:38
12k+

Toyota-nyň Türkmenistandaky resmi dilerleri täze sepgide ýetdiler

2025-nji ýylda «Toyota» Türkmenistanda taryhy netije gazandy – kompaniýanyň resmi distribýutory «Toyota Central Asia FZE» tarapyndan satylan ulaglaryň möçberi ähli döwürleriň görkezijisi bilen deňeşdirilende,......

31.03.2026 12:06
1.8k+

«Ýönekeý» Hytaýda okamak isleýänlere CSCA synagyna taýýarlyk görmäge ýardam berýär

«Ýönekeý» kompaniýasy dalaşgärlere CSCA (China Scholastic Competency Assessment) synagyny üstünlikli tabşyrmaga ýardam berdi. Bu synag 2026-njy ýyldan başlap Hytaýyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmek üçin......

30.03.2026 11:13
12k+

Hepdelik howa maglumaty: aprel aýy ýagyş bilen gelýär

Türkmenistanda aprel aýy temperaturanyň peselmegi bilen başlar. Meteorologiýa gulluklarynyň berýän maglumatlaryna görä, 1-nji aprel gijesinden 2-nji apreliň säherine çenli ýurduň ähli ýerinde ýagşa garaşylýar,......