Где заказать фирменные скатерти, чехлы и униформу для сотрудников ресторанного бизнеса?

  • 01.02.2023 17:55
  • 18k+

Toý hyzmatlary, toý mekanlary bazary bu günki gün Türkmenistanda barha giň gerimde ösýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde bu hili hyzmatlary hödürleýän toý hyzmatlarydyr toý mekanlarynyň sany hem gün-günden artýar. Bu ýagdaýda müşderi toý hyzmatyny saýlanda bahanyň elýeterliligi, tagamlarynyň datlylygy bilen bir hatarda, toý hyzmatlarynda işleýän işgärler düzüminiň — menejerleriň, administratorlaryň, ofisiantlaryň we şular ýaly beýleki işgärleriň daş-keşbine, egin-eşigine aýratyn üns berýär. Çünki toý mekanynyň aşhanasy, binanyň içiniň arassalygy bilen bir hatarda işgärleriniň egin-eşikleri, stollaryň örtgüleri, stullaryň çehollary müşderide restoran ýa kafe barada umumy düşünjäniň emele gelmegine ýardam edýär, onuň şol ýere gaýta-gaýta dolanyp gelmegine täsir edýär. Hut şonuň üçin toý hyzmatlary ulgamynda iş alyp barýanlar işgärleriniň egin-eşiklerine aýratyn üns bermelidirler.

Logotipi oturdylan egin-eşikler toý hyzmatynyň müşderiniň ýadynda galmagyna täsir edýär
Toý hyzmaty işgärleriniň ähli düzümi — administratorlar, aşpezler, ofisiantlar, menejerler we beýleki ähli işgärler üçin ýörite egin-eşikler diňe bir göze gelüwli bolmak bilen çäklenmän, eýsem, jana rahat bolmalydyr. Çünki işgärler bu egin-eşikde tutuş iş gününi geçirmeli.
Türkmen hususy kärhanasy toý hyzmatlary ulgamynda iş alyp barýanlar üçin işgärler düzüminiň egin-eşiklerini, stol-stul örtgülerini, salfetkalary taýýarlap bermek, olara toý hyzmatynyň logotipini oturdyp bermek boýunça ýokary hilli hyzmatlaryny amatly bahadan hödürleýär.
Işgärler üçin taýýarlanylýan egin-eşikler her işgäriň ýerine ýetirýän işine görä indiwidual işlenilýär. Çünki aşpeziň, menejeriň, ofisiantyň edýän işi biri-birinden düýpgöter tapawutly, şol bir wagtda olaryň ählisini bir umumy äheňde taýýarlamak hem wajypdyr. Ine, muny bolsa hususy kärhananyň baý tejribesine ynanyp bolar.


Bu hususy kärhana önümlerini türk materiallaryndan taýýarlaýar, şeýle hem önümleriniň hiline, sargytlaryň ýerine ýetiriliş möhletlerine kepil geçýär.
Türkmen hususy kärhanasy eýýäm Aýly Güzer toý mekany, Täze duşuşyk toý mekany, Arzuw ýoly toý mekany, Nazarly bakyş toý mekany, Ahal toý mekany, Ajaýyp toý hyzmatlary, Tagam toý hyzmatlary, Goşa gumry restorany ýaly köp sanly toý mekanlarynyň işgärleriniň egin-eşiklerini taýýarlap berdi.

Hususy kärhananyň taýýarlaýan uniformalary ýokary hilli, berk hem-de ulanmak üçin amatly bolup, her toý mekanynyň öz stiline laýyklykda edilýär.
Toý hyzmaty ulgamynda iş alyp barýanlar özleri üçin indiwidual önümleri taýýarladyp hem bilerler. Kärhanada saýlamak üçin hem görnüşler köp. Restoran eýeleri şol görnüşleriň birini saýlap ýa-da özleri üçin özboluşly bir görnüşi sargyt esasynda taýýarladyp bilerler. Dizaýn işine müşderiniň islegleri, toý hyzmatynyň reňk sazlaşygy, umuman, islendik ownuk detal göz öňünde tutulýar.

Öz restoranyňyzyň, toý hyzmatyňyzyň işgärleri üçin egin-eşikleri, stollaryň üstüne ýapylýan örtgüleri, stullar üçin çehollary, salfetkalary sargyt etmek isleseňiz şu telefon belgisine jaň edip bilersiňiz: +99365082347

Şeýle hem okap bilersiňiz:

06.04.2026 11:49
16k+

Прогноз погоды в Туркменистане: весенние контрасты

На этой неделе метеорологи прогнозируют, что начало недели в Туркменистане будет дождливым и ветреным. Однако вторая половина недели выдастся сухой и теплой....

01.04.2026 18:38
12k+

Официальные дилеры Toyota в Туркменистане отметили достижение нового рубежа

В 2025 году компания Toyota достигла исторического результата на автомобильном рынке Туркменистана — объем продаж через официального дистрибьютора Toyota Central Asia FZE стал рекордным за весь период поставок....

31.03.2026 12:06
1.8k+

Ýönekeý помогает абитуриентам сдать экзамен CSCA для поступления в вузы Китая

Компания Ýönekeý помогла абитуриентам успешно сдать экзамен CSCA (China Scholastic Competency Assessment), который с этого года стал обязательным стандартом для поступления в университеты Китая....

30.03.2026 11:13
12k+

Прогноз погоды на неделю: апрель приходит с дождем

Апрель в Туркменистане начнётся с понижения температуры. По данным метеосервисов, с ночи 1 апреля по утро 2 числа по всей стране ожидаются дожди, после чего к выходным ожидается прояснение....