Türkmenistanda öz logotipiň bilen ýeňsiz kurtkalary nireden sargyt edip bolýar?

  • 26.01.2023 16:50
  • 42k+

Haryt nyşanynyň (kompaniýanyň adynyň) adamlaryň arasynda tanalmagy söwdanyň ösmegine täsir edýän zerur talaplaryň biridir. Haryt nyşanyňy köpçülige tanatmagyň birnäçe usuly bar. Şolaryň biri hem haryt nyşanyň oturdylan egin-eşiklerdir. Logotipiň oturdylan egin-eşikleriň müşderiniň şol brende bolan ynamyny artdyrýandygy aýratyn bellärliklidir.

Häzirki wagtda Türkmenistanda haryt nyşany oturdylan ýeňsiz žiletlerdir kurtkalar barha giň meşhurlyga eýe bolýar. Bu babatda «Gadyr Style» kärhanasynyň öndüren önümlerine aýratyn orun degişlidir. 2020-njy ýyldan bäri ýokary hilli žiletleri hem-de kurtkalary öndürip gelýän bu kärhananyň işgärleri sargyt edijiniň taýýar logotipi bilen bolşy ýaly, logotipiň indiwidual nusgalary bilen hem iş alyp barýar.
«Gadyr Style» kärhanasynyň ýeňsiz žiletleri hereketiň oňaýlylygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, ýylylyk hem rahatlyk berýär. Häzirki dowam edýän gyş möwsüminde iş wagtynda işgärleriň esasy eşiklerini hapalanmakdan gorap, olary güýçli şemaldan, ýagyşdan ýyly saklaýar.
«Gadyr Style» kärhanasynyň ýeňsiz žiletlerini «Altyn şöhle», «Mekan konditer», «Tolkun» ýaly türkmen kompaniýalary bilen birlikde, Şazada market, City market, Serbet market, Halk market, Aşgabat market, Paýtagt market ýaly marketlerdir, söwda merkezleri hem sargyt edýär.


Žiletler bilen bir hatarda «Gadyr Style» kompaniýasy güýz-gyş möwsüminde zerur bolan kurtkalaryň hem giň toplumyny öndürýär. Kurtkalara hem sargyt ediji kompaniýanyň haryt nyşanyny — logotipini oturdyp bolýar.
«Gadyr Style» žiletlere we kurtkalara oturdyp beren haryt nyşanlarynyň köp gezek ýuwlandan soň hem, uzak wagtlap ýokary hilini saklap galjakdygyny kepillendirýär.

Taýýar görnüşler bilen birlikde, müşderi sargyt esasynda hem göwnüne laýyk gelýän žiletleri we kurtkalary sargyt edip biler. «Gadyr Style» önümleriniň bahasynyň amatlydygyny habar berýär.
Tölegler nagt, nagt däl görnüşinde, şeýle hem hasaba geçirmek arkaly amala aşyrylyp bilner.

Sargyt etmek üçin şu telefon belgisi bilen habarlaşyp bilersiňiz: +99365082347


12.05.2026 15:08
4k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
4k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.2k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
9.6k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....