Günorta Koreýada «Kalmar oýnunyň» ikinji möwsümi surata düşürilip başlanar

  • 19.02.2023 12:13
  • 13k+

Günorta koreýaly aktýor Li Jon-je «Kalmar oýnynyň» serialynyň ikinji möwsüminiň surata düşürilişiniň ýakyn wagtda başlajakdygy barada maglumat berdi. Onuň sözlerine görä, kameralar şu tomus meýdançada işläp başlar.

“Film tomusda surata düşürilip başlanar we 10 aý dowam eder. Birinji möwsümde hem 10 aý işläpdik, ýöne bu kowid sebäpli gijä galmak bilen baglanyşyklydy. Ikinji möwsümiň gerimiň giň boljakdygyny göz öňünde tutsak, bu köp wagt alar "- diýip, Li belledi.

Ähtimal, serialyň dowamy tomaşaçylara 2024-nji ýylyň güýzünden bärde elýeterli bolmasa gerek. Ilkinji "Kalmar oýny" Netflix-de 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda çykypdy we hyzmatdaky ähli görkezişleriň arasynda rekord goýdy - 1,65 mlrd sagat.
Geçen tomus resmi taýdan ikinji möwsüm sargyt edildi. Serialdaky baş keşbi üçin Li Jon-je "Emmi" telebaýragyny aldy. Görkezişiň režissýory Hwan Don-hýok hem şonuň ýaly baýrak aldy.
Muňa ugurdaş Netflix ýeňiji 4,56 million dollar (serialdaky asyl oýunçylaryň sanyna görä) baýrak aljak “Kalmar”-a esaslanýan realiti-görkezişini başlady. Surata düşürmek häzirki wagtda Angliýada dowam edýär.


15.06.2026 19:47
3.4k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......

09.06.2026 23:10
2.7k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

27.05.2026 00:21
4.1k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......

13.05.2026 12:16
4k+

Koreýaly futbolçy bir aýagy bilen topy 60 sekuntda 363 gezek galdyryp rekord goýdy

Günorta Koreýaly futbolçy Çžan Wu Son üýtgeşik üstünlik bilen resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol bir minudyň içinde topy bir aýagynda 363 gezek galdyrmagy başardy....