Brýus Uillise demensiýa diagnozy goýuldy

  • 18.02.2023 11:54
  • 18k+

Lukmanlar Brýus Uillise demensiýa diagnozyny goýdular. Bu barada aktýoryň maşgalasy tarapyndan ýaýradylan beýanda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

“2022-nji ýylyň ýazynda Brýusda afaziýanyň ýüze çykarylandygyny habar berenimizden bäri Brýusyň ýagdaýy ýaramazlaşdy we indi biziň takyk diagnozymyz bar – maňlaý-çekge demensiýasy” – diýlip, beýanda aýdylýar. Bellenilişi ýaly, kesel sebäpli Uillis adamlar bilen gatnaşmakda kynçylyk çekýär.

Geçen ýylyň mart aýynyň ahyrynda Brýus Uillisiň gyzy Rumer Uillis aktýoryň kognitiw ukyplaryna täsir edýän afaziýa sebäpli karýerasyny tamamlaýandygy habar beripdi.
Maňlaý-çekge demensiýasy diýlip kelle beýnisiniň maňlaý we öňdäki çekge bölekleriniň neýron beloklarynyň biriniň patologiýasy bilen baglanyşykly keselleriň topary atlandyrylýar. Bu patologiýanyň ýüze çykmagynyň sebäbi, köplenç, nesil yzarlaýjylykdyr.

düýn 22:03
1.1k+

Belgiýada çarlaklaryň sesine öýkünmek boýunça bäsleşik geçirildi

Belgiýanyň De-Panne şäherçesinde her ýyl däp bolan ýewropa bäsleşiginiň nobatdaky sany geçirildi. Bu gezek gatnaşyjylar çarlaklaryň sesine iň ökde öýkünmek ugrunda bäsleşdiler. Oňa Ýewropanyň 16 ýurdundan......

düýn 19:50
1.3k+

Uçuda tarap ädim: Londonda Benksiniň goly çekilen täze heýkel peýda boldy

29-njy aprelde Londonyň taryhy merkezindäki Waterloo meýdançasynda täze bir heýkel peýda boldy. Onuň sütüninde dünýä belli anonim köçe suratkeşi Benksiniň goly goýlupdyr....

düýn 19:23
2.5k+

Teýlor Swift emeli aňdan goranmak üçin sesini we keşbini haryt nyşany hökmünde hasaba aldyrýar

Meşhur aýdymçy Teýlor Swift ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasyna haryt nyşanlaryny hasaba aldyrmak üçin üç sany arza tabşyrdy diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 18:37
1.1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokiodaky “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy

27–29-njy aprel aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy.......