YouTube-yň baş direktory Sýuzen Wodžiski wezipesinden gitdi

  • 18.02.2023 11:56
  • 14k+

YouTube-yň baş direktory Sýuzen Wodžiski dokuz ýyl bäri eýeläp gelýän wezipesini terk etdi. Personal blogunda ol öz wagtyny maşgalasyna, saglygyna we hususy taslamalaryna sarp etmek isleýändigini aýtdy diýip, buro247.ru belleýär.

“Meniň üçin amatly pursat geldi we men muny edip biljekdigimi duýýaryn, sebäbi YouTube-da ajaýyp ýolbaşçylar topary işleýär. Maňa işleşmek miýesser eden YouTube ulanyjylary platformany hasam kämilleşdirmek üçin şu wagta çenli köp işleri bitirdiler” – diýip, Wodžiski ýazdy.

Onuň ornuny önüm boýunça häzirki müdir Nil Mohan eýelär. Şeýle-de, ol uly wise-prezident bolar. Wodžiski Mohanyň täze ýerde ornaşmagyna kömek eder.


03.05.2026 23:57
1.4k+

«Ýyl ajap başlady»: YouTube-yň girdejileri iki belgili ösüş görkezdi

YouTube wideo platformasy we onuň baş kompaniýasy bolan Alphabet 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça uly maliýe üstünlikleri barada hasabat berdi: serwisiň mahabat girdejisi 10,7% ýokarlanyp,......

28.10.2025 00:36
1.5k+

YouTube aýdym-saz pudagyna ýylda 8 mlrd dollardan gowrak töledi

2024-nji ýylyň iýulyndan 2025-nji ýylyň iýuny aralygynda YouTube aýdym-saz pudagyna 8 mlrd dollardan gowrak töledi. Bu maglumatlar wideohostingiň 23-nji oktýabrdaky hasabatyndan gelip çykýar. Kompaniýa munuň platforma üçin rekord mukdardygyny belledi: ýyllyk tölegler 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2 mlrd dollar artdy...

19.06.2025 09:53
10k+

Forbes 2025-nji ýylyň iň baý we meşhur 50 blogeriniň reýtingini hödürledi

Forbes dünýäniň 50 sany iň köp girdeji gazanan we abraýly blogerleriniň ýyllyk sanawyny hödürledi. Sanawda öňdebaryjy yzygider dördünji ýyl MrBeast (hakyky ady Jimmi Donaldson) bolmagynda galýar. Neşir onuň girdejisini 85 mln dollar diýip hasaplady, onuň akkauntlaryny yzarlaýjylaryň umumy sany bolsa 634 mln adama barabar...

25.05.2025 19:06
7.2k+

MrBeast öz taslamalary bilen iň ýaş milliarder derejesine ýetdi

MrBeast lakamy bilen tanalýan 27 ýaşly YouTube blogeri Jimmi Donaldson baýlygyny öz taslamalarynyň kömegi bilen gazanan dünýäde iň ýaş milliarder boldy. Blogeriň baýlygy 1 mlrd dollar diýlip hasaplanylýar, aýlyk girdeji bolsa, takmynan, 50 mln dollara barabar...